Paýtagtymyzda ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça açyk ýaryş tamamlandy

Şu gün Aşgabat şäherinde ýaşlaryň arasynda grek-rim göreşi boýunça geçirilen açyk ýaryş tamamlandy. Bäsleşigiň jemleýji duşuşyklary «Täze zaman» sport toplumynyň ýöriteleşdirilen zallarynda geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň habarlar portaly habar berýär.

Bu ýaryşy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gurnaldy. «Olimp» sport mekdebiniň türgenleri, şeýle-de paýtagtyň beýleki sport toparlarynyň wekilleri 45 kilogramdan başlap, 110 kilogramdan ýokary çenli agram derejelerinde jemi 10 agram derejesi boýunça güýç synanyşdylar.

Üç gün dowam eden bäsleşigiň ilkinji gününde türgenleriň agram ölçegleri alnyp, ondan soň saýlama duşuşyklar geçirildi. Guramaçylar agram derejesi boýunça bir kilograma çenli artykmaçlygyna rugsat berdiler. Göreş Bütindünýä göreş birleşiginiň halkara düzgünlerine laýyklykda guralyp, guşakdan aşakdan tutmak we aýakdan kakmak gadagan edildi. Bu düzgünler boýunça göreşde ýeňiş eliň we göwräniň güýjüne baglydyr.

Ýaş topary üçin bu bäsleşik — taýýarlygyň möhüm tapgyrydyr. Hut 2008–2010-njy ýyllarda doglan türgenlerden häzirki wagtda ýurduň milli ýygyndysynyň ätiýaçlyk düzümi emele getirilýär.

Eminleriň çözgüdi boýunça ýeňijiler yglan edildi. Iň üstünlikli çykyş eden ýaş pälwanlar Türkmenistanyň Ýaşlar guramasy tarapyndan Hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy. Ýaryşyň jemleri boýunça tälimçiler indiki ýylda jemgyýetçilik we sport ulgamynda geçiriljek ýaryşlara gatnaşjak dalaşgärleri saýlap almaga mümkinçilik aldylar.

Myrat YLÝASOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok