2025-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we Talyplar sportunyň halkara güni mynasybetli «Sport parahatçylygyň we ynanyşmagyň girewidir» atly milli forum geçirildi. Bu çäre ýaşlaryň sporty söýmegine, sport arkaly halkara gatnaşyklary ösdürmäge we parahatçylyk ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirildi.
Forumyň işine ýurdumyzyň öňdebaryjy sport hünärmenleri bilen birlikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary, ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinden ÝUNESKO-nyň Sport bölüminiň başlygy, Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň (CIGEPS) sekretary jenap Filip Müller-Wirt wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly milli foruma gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlenip, talyplar sportunyň dost-doganlygy we ynanyşmagy pugtalandyrýandygyny belledi.
Çäräniň dowamynda dürli ugurlar boýunça çykyşlara uly orun berildi. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Aşyrmuhammet Gurbanmämmedow çykyşynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda sporty ösdürmekde diplomatiýanyň aýratyn orun eýeleýändigini nygtady. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň halkara hyzmatdaşlygy bölüminiň esasy hünärmeni Sona Halykowa ýurdumyzyň halkara sport hyzmatdaşlygynyň giňden ösdürilýändigini belläp geçdi.
Forumyň çäklerinde 60-dan gowrak çykyş diňlenildi. Çykyş edenleriň hemmesi sportuň diňe fiziki taýdan däl, ruhy taýdan hem ösüşe itergi berýändigini, parahatçylyk we dostluk köprüsi bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Şeýle forumlar halkara derejesindäki başlangyçlara Türkmenistanyň hem işjeň goşulýandygyny görkezýär. Talyplar sportunyň halkara güni bolsa ilkinji gezek 2016-njy ýylda resmi ýagdaýda bellenilip başlanypdyr we bu senä bagyşlanan forum dünýä bileleşigi bilen hyzmatdaşlygyň nyşanyna öwrüldi.
Teswirler