Şu ýyl Azerbaýjanda geçiriljek III Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň oýunlaryna sekiz ýurtdan jemi 1846 türgeniň gatnaşjakdygy belli boldy.
GDA giňişligindäki ýurtlardan – Azerbaýjan, Belarus, Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Özbegistan, Täjigistan we Türkmenistandan jemi 1846 türgen hem-de 2666 wekiliň gatnaşmagyna garaşylýar.
Ýurtlar boýunça türgenleriň sany aşakdaky ýaly:
- Azerbaýjan – 349 türgen
- Russiýa – 263 türgen
- Gazagystan – 259 türgen
- Özbegistan – 257 türgen
- Belarus – 255 türgen
- Täjigistan – 202 türgen
- Türkmenistan – 170 türgen
- Gyrgyzystan – 85 türgen
Bäsleşikler 23 sport görnüşi boýunça 12 dürli meýdançada geçiriler. Oýunlaryň ilkinji tapgyrynda diňe GDA ýurtlarynyň wekiliýetleri hasaba alynar. Ikinji tapgyrda bolsa, ýörite çakylyk bilen gatnaşýan GDA agzasy bolmadyk ýurtlaryň wekilleri hasaba alynar. Umuman, dünýäniň 23 ýurdundan takmynan 5500 gatnaşyjynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
III GDA Oýunlary 2025-nji ýylyň 28-nji sentýabryndan 8-nji oktýabryna çenli Azerbaýjanyň ýedi şäherinde: Genje, Ewlahe, Mingýaçewir, Gabala, Şeki, Geýgeli we Hankendi şäherlerinde geçiriler. Açylyş dabarasy 28-nji sentýabrda, ýapylyş dabarasy bolsa 8-nji oktýabrda Genje şäher stadionynda geçiriler.
Teswirler