13-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere garaldy.
Mejlisiň barşynda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa 15 — 19-njy iýun aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek küşt boýunça halkara ýaryşa taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, sport arkaly parahatçylygy dabaralandyrmakda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakasyna öwrüljek bu ýaryşa dünýäniň köp sanly döwletlerinden, şeýle-de Türkmenistandan 8, 10 we 12 ýaşly türgenler gatnaşarlar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da ýokary derejelere galdyrmak, türkmen sportuny ösdürmek ugrunda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny, dürli derejedäki halkara sport ýaryşlarynyň yzygiderli geçirilýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde sportuň küşt görnüşi boýunça türgenleriň arasyndaky halkara ýaryşa gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Teswirler