AŞGABATDA GÖÇME SERGI GURALÝAR

Şu günler 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda göçme sergi dowam edýär. Bu göçme sergi sergi 9-njy fewrala çenli dowam eder.

Serginiň açylyş dabarasynda Döwlet muzeýiniň bölüm müdiri, ylmy işgärleri we Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary çykyş etdiler.

 Sergä Döwlet muzeýiniň gaznasynda saklanýan birnäçe gymmatlyklar, şol sanda horjunlar, çuwallar, halyçalar, ýurdumyzyň gözel tebigatyny suratlandyrýan peýzaž halylar, milli egin-eşikleridir saz gurallarymyz, haly dokamakda ulanylýan esbaplar, ýumak, ik, halkymyzyň geçmişde ulanan hojalyk gurallary çykaryldy. Döwlet muzeýiniň ylmy işgärleri sergä gatnaşyjylara türkmen halkynyň taryhy, milli däp-dessurlary, edim-gylymlary barada muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen gyzykly gürrüň berdiler.

 — Döwlet muzeýiniň ýylyň dowamynda orta, orta hünär okuw, ýokary okuw mekdeplerinde yzygiderli guraýan göçme sergileri ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde örän ähmiýetlidir. Sergide talyplar türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhyny, etnografiýasyny öwrenmekde muzeý işgärleriniň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar, şeýle-de, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungaty, türkmen zenanlarynyň çeper ellerinden çykýan gadymy we häzirki zaman halylar we olaryň dokalyş aýratynlyklary, ösüşiň uzak ýollaryny geçen haly gölleri barada özlerini gyzyklandyrýan soraglara jogap aldylar. Geçmişi görkezýän muzeýler halkyň taryhy gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Taryhy gymmatlyklary aýap saklamak, ylmy taýdan öwrenmek, nesillere wagyz etmek geljek hakynda edilýän aladadyr — diýip, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Ýazberdi Gurbandurdyýew gürrüň berdi.

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň we welaýat merkezlerinde hereket edýän Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň hem-de ýörite sungat mekdepleriniň orta hünär okuw mekdeplerinde gurajak sergileri şu ýylyň maý aýyna çenli dowam eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok