DEMIR ÝOLDA ÝOLAGÇYLARA DÖWREBAP HYZMAT

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylyň 1-nji fewralyndan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan «polat ýollar» bilen menzil aşýan ildeşlerimize VIP görnüşli, ýagny ýokary hilli hyzmaty hödürleýän wagonlaryň gatnawy ýola goýuldy. Bu wagonlardaky hyzmatyň beýleki wagonlardakydan tapawudy, ýolagçylara agşamlaryna nahar bilen birlikde, alkogolsyz içgileriň hödürlenmegidir. Şeýle hem ýolagçylaryň isleglerine görä, çaý we kofe hyzmaty bar. Bulardan başga-da, ýolagçylara syýahat döwri üçin bir gezek ulanmaga niýetlenen mata aýakgaplary, süpürgiçler we ýokary hilli ak ýapynjalar berilýär. Küpeler dört adama niýetlenen. Wi-Fi mediaserweriniň hem işi ýola goýlupdyr. Häzir bu serwerde ýolagçylar üçin 200-den gowrak film bar.

— Eziz Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şonuň bilen birlikde, ilata edilýän hyzmatlaryň hem hil derejesi ýokarlanýar.. Geçen ýyl demir ýol petekleriniň elektron satuwy ýola goýuldy. Indi ildeşlerimiz www.railway.gov.tm saýtynyň üsti bilen özüne gerekli gatnaw üçin demir ýol peteklerini islendik wagt internetiň üsti bilen alyp bilýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sanly ulgama geçmek baradaky berýän tabşyryklarynyň rowaçlanýandygyny görkezýär.

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde ilata edilýän hyzmatlaryň hili gün-günden kämilleşdirýär. Şu ýylyň 1-nji fewralyndan hereket edip ugran VIP wagonlara ýolagçylaryň islegi artyp başlady. Häzirki wagtda paýdarlar jemgyýetinde wagonlaryň ählisine VIP hyzmatlaryny ornaşdyrmak barada  birnäçe işler alnyp barylýar — diýip, «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolagçylary gatnatmak bölüminiň birinji derejeli hünärmeni Merjen Mämmedowa gürrüň berdi.

Biz hünärmeniň beren gürrüňinden soňra VIP wagona münüp, täze hyzmatlar bilen tanyşdyk. Tüweleme, bu ýerdäki mümkinçilikleri göreniňde, göwnüň galkynýar. Ýokary amatlyklardan peýdalanan islendik ýolagçy ýoluň ýadawlygyny duýmasa gerek. Kalby buýsançly ýolagçylaryň birnäçesiniň pikirini bildik. Olaryň ählisi edil bir adam ýaly bolup, täze döredilen şertlere öz hoşallyklaryny bildirdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok