Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisi – doganlyk halklaryň dostluk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzdan galkynýan, baky Bitaraplygymyzdan ruhlanýan eziz Watanymyzda türkmen halkynyň Arkadagy, Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda öňe sürülýän il-ýurt bähbitli başlangyçlar oňyn häsiýete eýedir. Ilkinji nobatda ýurdumyzyň daşary döwletler bilen ähli ugurlar boýunça dostlukly hyzmatdaşlygy netijesinde daşary syýasatda birnäçe üstünlikleriň gazanylýandygyny bellemek zerur. Häzirki wagtda döwletimiz dünýäniň 156 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Döwletler bilen täze energetika, ulag, senagat, tehnologik geçelgeleri kemala getirmek birek-birek bilen jebis hyzmatdaşlygy döredýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz tarapyndan durmuşa geçirilýän möhüm taslamalaryň biri hökmünde Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň gurulýandygyny bellemek möhümdir. Bu gaz geçirijisi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda täze döwrebap innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakda, energiýa serişdelerimizi dünýä bazarlaryna çykarmakda uly ähmiýete eýe bolan taslamadyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen bu gaz geçiriji taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýetini açyp görkezýän forumlar, sammitler yzygiderli geçirilýär. Bu taslama maýa goýum goýmak dünýäde parahatçylygyň, ykdysady ösüşiň üpjün edilmegine oňyn şert döredýär.

Türkmenistan – Owganystan – Päkistan – Hindistan gaz geçirijisiniň taslama boýunça umumy uzynlygy takmynan 1814 kilometre deň bolup, onuň 214 kilometri biziň güneşli ülkämiziň, 744 kilometri Owganystanyň, 826 kilometri Päkistanyň çäginden geçýär. Bu gaz geçirijisi Hindistanyň Fazilka atly ilatly mekanyna çenli baryp ýetýär. Bu gaz geçiriji döwletleriň arasynda diňe bir ykdysady gatnaşyklaryň däl-de eýsem, syýasy gatnaşyklaryň berkemegine hem getirýär. Möhüm ähmiýete eýe bolan bu gaz geçirijiniň işe goýberilmegi ekologiýa taýdan hem uly ähmiýete eýedir. Sebäbi ekologiýa taýdan arassa önüm hasaplanylýan tebigy gazy ulanmak bilen çäginden geçýän döwletlerde howa goýberilýän zyýanly tüsseleriň mukdary birnäçe esse azalýar.

Ähli edilýän tagallarda türkmen halkynyň bähbidini ilerleýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!

Serdar HOJAGELDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Agroekologiýa fakultetiniň
Agrohimiýa we topragy
öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok