Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýurdumyzda her ýylyň aprel aýy saglyk we sport aýy hökmünde bellenilýär. Bu aýda ýurduň ähli künjeklerinde sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, jemgyýeti saglyk we sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek maksady bilen dürli çäreler guralýar.
Saglyk we sport adamyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Bedeniň berk we ruhubelent bolmagy üçin yzygiderli hereket we sagdyn iýmitlenmek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda sportuň köp görnüşi ösdürilýär, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär. Täze stadionlar, sport toplumlary, ýörite sagaldyş merkezleri açylýar.
Aprel aýynda köpçülikleýin ýörişler, welosipedli gezelençler, sport ýaryşlary, saglygy goraýyş we lukmançylyk çäreleri geçirilýär. Şol bir wagtyň özünde, ilatyň saglygy baradaky habardarlygy ýokarlandyrmak üçin dürli maslahatlar, okuw sapaklary we wagyz-nesihat çäreleri guralýar. Bu çäreleriň hemmesi adamlaryň saglygyna üns bermegini gazanmak we olaryň sport bilen yzygiderli meşgullanmagyny goldamak maksadyna gönükdirilendir.
Sagdyn bolmak üçin sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti örän uly bolup durýar. Ýurdumyzda sporty ösdürmegiň esasy maksady sport hem-de bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň sanyny artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Hut şu maksat bilen ýurdumyzda sport desgalarynyň birnäçesi gurlup ulanylmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy geçirilýän bir aýlyk saglyk aýy ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uly ruhubelentlik bilen bellenip geçilýär. Saglyk ýaşaýyşyň girewidir. Her biriňiziň saglyk ýaranyňyz bolsun!
Gülnara Saparmämmedowa,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy,
lukmançylyk ylymlaryň kandidaty.
Teswirler