Tebigat ynsana eçilen nygmaty

Kömelek tebigatyň ynsana beren iň naýbaşy nygmatlarynyň biridir. Olar baý düzümi, tagamlylygy we saglyga ýetirýän peýdasy bilen dünýäniň köp ýerlerinde uly isleg bilen ulanylýar. Azyk harytlary bazarlarynda, esasanam bahar aýlarynda, kömelekleriň dürli görnüşlerine duş gelmek bolýar.

Kömelekler adam bedenine peýdaly bolan A, C, B, D, PP witaminlerine, şeýle hem kaliý, mis, demir, kalsiý, natriý, rubidium, galaýy, kadmium, molibden, hrom, kükürt we kümüş ýaly minerallara baýdyr. Şeýle hem, olaryň düzüminde belok (protein) we süýümler bolup, adam bedeni üçin gymmatly iýmit çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Kömelekleriň energetiki gymmaty olaryň görnüşine baglylykda üýtgeýär. Mysal üçin, ak kömelekler ýokary kaloriýalylygy bilen tapawutlanýar. Olary sagdyn iýmitiň bir bölegi hökmünde ulanmak maslahat berilýär, emma ölçeg saklamak möhümdir. Lukmanlar hepdede 100 – 120 gram kömelek iýmegi maslahat berýärler.

Her bir azyk önümi ýaly, kömelek hem dogry ulanylmasa, saglyga zyýan ýetirip biler. Käbir kömelekleriň düzümi tebigatdan agyr metal duzlaryny öz içine siňdirip bilýär. Netijede, aşa köp kömelek iýmek aşgazan-içege ulgamynyň bozulmagyna, içgeçmä, ýürek bulanmaga we agyr ýagdaýlarda zäherlenmäge sebäp bolup biler.

Aşgazan we on iki barmak içege kesellerinden ejir çekýän adamlar kömelegi maşgalalyk lukman bilen maslahatlaşyp, seresap iýmelidirler. Şeýle hem, käbir adamlarda kömelek allergiýa döredip biler, şonuň üçin ilkinji gezek iýeniňde seresap bolmaly.

Türkmen tebigaty hem kömelekler dünýäsi boýunça baýdyr. Köpetdagyň günbatar sebitlerinde, Sumbar derýasynyň jülgelerinde ýerli ilat tarapyndan “guzy guýruk” ýa-da “goýun guýruk” atlandyrylýan äpet kömelekler ösýär. Bu kömelekleriň hersiniň agramy 1 kg ýa-da ondan hem agyr bolup, telpeginiň diametri 35 – 50 sm aralygyndadyr. Şeýle hem, ýaz aýlarynda ýagmyrly günlerde açylýan ak kömelek, gelin kömelek we gymmatly ýokumlylygy bilen tapawutlanýan domalan biziň bereketli tebigatymyzyň gymmatly peşgeşleriniň biridir.

Arzygül SAPAÝEWA,

Aşgabat şäherindäki Agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok