M.R.ASTANAGULOW hakynda
Mämmetguly Rozygulyýewiç Astanagulowy Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 7-nji fewraly.
* * *
Mämmetguly Rozygulyýewiç ASTANAGULOW
1984-nji ýylda Aşgabat şäherinde doguldy. 2007-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Oş döwlet uniwersitetini tamamlady. Bilimi boýunça hünäri ykdysadyýetçi.
2008-nji ýylda Aşgabat şäheriniň Baş maliýe müdirliginiň gazna bölüminiň hünärmeni, gazna bölüminiň merkezleşdirilen býujetiň ýerine ýetirilişini hasaba alýan kiçi bölüminiň baş hünärmeni bolup zähmet ýoluna başlady. 2010 — 2017-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginde dürli wezipelerde işledi.
2017 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Döwlet býujeti müdirliginiň Döwlet býujetiniň girdejiler bölüminiň başlygy bolup işledi. 2020 — 2022-nji ýyllarda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ykdysadyýeti ösdürmek bölüminiň ykdysady seljeriş we durmuş meseleleri bölümçesiniň esasy hünärmeni.
2022 — 2024-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň kompýuter tehnologiýalary bölüminiň kompýuter ulgamlarynyň we maglumatlarynyň howpsuzlygy hem-de elektron resminamalaryň dolanyşygy bölümçesiniň esasy hünärmeni bolup işledi. 2024-nji ýyldan 2025-nji ýylyň fewral aýynyň başyna çenli Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary.
Teswirler