ZEHIN-ZEHINDEN ZYÝADA

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde «Zehin zehinden zyýada» şygary bilen hünär ussatlygy bäsleşigi geçirildi. Bäsleşikde ýurdumyzyň başlangyç, orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary «Aşpezlik işi», «Tikinçi-biçimçi», «Kerpiç örüji», «Elektromontaž» hünärleri boýunça «Hünär ussady» adyny almakda bäsleşdiler.

  Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň wekillerine, şeýle-de «WorldSkills Europe» birleşmesiniň ýolbaşçysy hanym  Dita Traidasa söz berildi. Hanym Dita Traidas ýaşlaryň arasynda hünär ussatlygy boýunça dünýä derejesindäki çempionatlary guramakda oňyn tejribe toplan «WorldSkills» guramasy bilen tanyşdyryp, ýurdumyza myhmançylyga çagyrylandygy üçin hoşallygyny bildirdi we bäsleşige gatnaşýan talyplara üstünlik arzuw etdi.

    «Aşpezlik işi» hünäri boýunça bäsleşýän talyp gyzlara işdäaçar, türkmeniň milli tagamy bolan palaw hem-de pişme taýýarlamak tabşyryldy. Eminler topary bu hünär bäsleşiginde tagamlaryň bezelişine, tagamyna, saçaga äberilişine hem-de tehniki howpsuzlygyň berjaý edilişine, iş ýeriniň arassaçylygyna, aşpeziň ýörite geýimleriniň ýerbe-ýerligine baha berdiler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Gülruh Gurbanmuhammedowa 1-nji orna, Ahal welaýat häkimliginiň Gökdepe etrabyndaky 5-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Soltanjemal Taganowa 2-nji orna, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap häkimliginiň 5-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Aýlar Nazarowa 3-nji orna mynasyp boldular.

    «Tikinçi-biçimçi» hünäri boýunça bäsleşýän talyp gyzlara zenan lybasynyň biçiliş-bezeliş işini bellenen wagtda tamamlamak tabşyryldy. Ölçegler we olaryň alnyşy, bezelişi babatynda iň köp utugy toplan Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyby Enebaý Ýagşyýewa 1-nji orna, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyby Bagtoraz Agabaýewa 2-nji orna, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň talyby Aýjemal Durdyýewa 3-nji orna mynasyp boldular.

   «Kerpiç örüji» hünäri boýunça talyp ýigitlere berlen çyzgylardaky taslama laýyklykda kerpiç örmek tabşyryldy. Bu hünär bäsleşiginde talyplar ölçegleri takyk ýerine ýetirmek, bezeg nusgalaryny we bölekleri emele getirmek üçin kerpijiň dogry kesilmegi we örülmegi we tehniki howpsuzlygyň berjaý edilişi boýunça bahalandyryldy. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Umyt Myradow 1-nji orna, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Türkmenabat gurluşyk başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Agajan Annaliýew 2-nji orna, Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Mahmut Ýakubow 3-nji orna mynasyp boldular.

   «Elekromontaž» hünäri bäsleşiginde talyp ýigitler otagda elektrik ulgamyny gurnamak işini çyzga laýyklykda ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda elektromontaž işleri üçin geçirijileriň kese kesigini dogry kesgitlemekde we birikdirmekde has tapawutlanan Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň talyby Salar Hudaýberenow 1-nji orna, Ahal welaýat häkimliginiň 7-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Şatlyk Açylow 2-nji orna, Daşoguz welaýat häkimliginiň 2-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň talyby Daýanç Mätjanow 3-nji orna mynasyp bolmagy başardy.  

  Bäsleşigiň ýeňijilerine hem-de bäsleşige gatnaşan ähli talyplara ony guraýjylar tarapyndan sowgatlar hem-de degişli diplomlar gowşuryldy.

  22-nji ýanwarda bäsleşigiň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň hünärli nesli kemala getirmek baradaky talaplaryndan ugur alnyp, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzda ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň hilini, döredijilik ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmak, saýlap alan kärine bolan söýgini döretmek maksady bilen ilkinji gezek geçirilen bu bäsleşigiň yzygiderli geçirilmeginiň möhüm netijeleri berjekdigini nygtadylar.  

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok