“Al Nasr” – Kristiano Ronaldo bilen şertnamany ýene 1 ýyl uzaltmak isleýär!

“Al Nasr” her ýyl 200 million ýewro aýlyk töleýän oýunçysy Kristiano Ronaldo üçin täze karar berdi. Topar 39 ýaşly Kristiano Ronaldonyň 2025-nji ýylda gutarjak şertnamasyny ýene bir ýyl uzaltmak isleýär.

Portugaliýaly ýyldyzyň hem arap toparynda dowam etdirmek isleýändigi aýdylýar. Arabystanyň topary 39 ýaşly super ýyldyzy uzak wagtlap ýurtda saklamagy maksat edinýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Kristiano Ronaldo “Al Nasr” toparynda 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri oýnap gelýär. “Al Nasr” toparynda 60 gezek oýnan Ronaldo 56 topy tora saldy.

Kristiano Ronaldo 5 gezek “Altyn pökgi” baýragynyň eýesi we şeýle hem ol 5 gezek Çempionlar ligasynyň çempiony.

Ezizhan AHMEDOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok