16-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda «Ene toprak» atly täze filmiň görkezilişi boldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Şirli Mollaýewiň režissýorlyk etmeginde Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan surata düşürilen bu film ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmelerine bagyşlanan adybir powestiniň esasynda döredilipdir.
Filmiň ýaşlaryň durmuşy, oba hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur bolan kämil, ýaş hünärmenleri ýetişdirmek meseleleri bilen baglanyşdyrylmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrypdyr. Bu meseleler hakynda, esasan, baş gahryman Hangeldiniň keşbi arkaly töwerekleýin pikir ýöredilýär. Ol oba hojalyk uniwersitetini tamamlap gelen, ylym-bilimden ýüki ýetik ýaş agronom. Indi bolsa oňa alan bilimlerini durmuşda ulanmak, iş tejribesinde has-da berkitmek galýar. Filmdäki ähli wakalar hem daýhan birleşigine täze agronomyň — Hangeldiniň gelmegi bilen ýaýbaňlanýar.
Filmde baş gahryman Hangeldiniň keşbini Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynyň artisti Döwran Saryýew, onuň ejesi Akgülüň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Mamagül Durdyýewa, kakasy Magtymguly mugallymyň keşbini Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hünärmeni Aman Şarlyýew, dosty Altynyň keşbini Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Mekan Durdyýew, Nursähet başlygyň keşbini Toýly Allaýarow, Mähegiň keşbini Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyby Ogulsoltan Hangeldiýewa, Mähegiň joralary Näzikdir Keýigiň keşplerini Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Jennet Çowdurowa hem-de Tawus Hekimowa, Nurberdi dökünçiniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Çary Hommadow, kärendeçiler Begli tokganyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Akmyrat Arçykow, Meretguly aganyň keşbini Rejep Atamyradow, mehanizatorlar Meret uzynyň keşbini Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň artisti Hojageldi Saparow, Baba çemçäniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Sary Saryýew, oba ýaşulusy Sapargeldi aganyň keşbini Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Hudaýberen Gylyjow, Hangeldiniň atasy Wellek aganyň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Welmyrat Amanow ýerine ýetiripdir. Filmde iň şowly çykan keşpleriň biri hasaplanylýan, tomaşaçylarda mylaýym ýylgyryşy döredýän Amangeldi gapançynyň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Sapardurdyýew, onuň aýaly Döndi daýzanyň keşbini bolsa hakyky durmuşda-da artistiň maşgalasy Döndi Sapardurdyýewa janlandyrypdyr. Filmi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli-sazly drama teatrynyň artisti Kuwwat Çaryýew aýdym-sazlar bilen bezäpdir. Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Ata Atajanowyň sözlerine, Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Baýram Hudaýnazarowyň sazyna döredilen «Goňşy gyz», Atamyrat Bazarowyň, Ogulnur Pirjikowanyň hem-de Ýazbibi Sapargeldiýewanyň sözlerine döredilen «Toprak», «Arzuwlaryň ýurdy», «Söýgi ummany» ýaly aýdymlar filme aýratyn bezeg beripdir.
Teswirler