Şu günler paýtagtymyzda hokkeý boýunça halkara ýaryşy dowam edýär. Bu halkara ýaryş dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär.
Ildeşlerimiz bu ýaryşyň gyzykly duşuşyklaryna milli teleýaýlymlarymyzyň ikisi arkaly üç dildäki teswirleme bilen tomaşa etmäge mümkinçilik aldylar.
«Türkmenistan: Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp görkezilýän duşuşyklary üç dilde teswirlemäge tejribeli teswirleýjiler bilen bilelikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplary hem gatnaşýarlar.
Duşuşyklary iňlis we rus dillerinde teswirlemäge bolsa ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň 16-sy gatnaşýar. Olaryň deň ýarysy «Türkmenistan: Sport», galany bolsa «Ýaşlyk» teleýaýlymynda duşuşyklara teswir berýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, halkara ýaryşyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda alyp görkezmäge, gepleşikleri taýýarlamaga Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň işgärleriniň 100-e golaýy gatnaşýar. Şol sanda «Mir 24», «TRT Avaz», «CCTV» ýaly teleýaýlymlarynyň wekilleri hem uly we gysga göwrümli gepleşiklerdir söhbetdeşlikleri taýýarlap, agzalan teleýaýlymlarda halkara ýaryşy beýan etmäge goşant goşýarlar.
Teswirler