Türkmenistan diýarymyzda häzirki döwürde raýatlaryň sagdyn bedenli, ruhy kämil adamlar bolmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň kämil paýhasyna esaslanan uly işler alnyp barylýandygy ýokarda agzalanlaryň esasy özeni bolup durýar. Sport ulgamy boýunça ýurdumyzda gecýän ýaryşa gatnaşýan toparlaryň içinde ähli döwletlerden diýen ýaly türgenler bar. Bu günki geçilen ýaryşlaryň içinde has-da dartgynly oýnuň şaýady bolan türkmen janköýerleri Türkiýe döwleti bilen birlikde geçen Garagystanyň hokkeý toparlarynyň arasyndaky dartgynly oýna tomaşa edip, janköýerlik etmek bilen häzirki ýaryşda gyzgalaňly oýunlaryň birnäçesine gatnaşmaga mümkinçilik gazandylar. Bu bolsa, ýurdumyza gelýän dünýä jahankeşdelerinde hem-de janköýerlerinde hem täsir galdyrdy. Oýnuň dowamly bolmagy bilen taryhy asyrlaryň çuňlugyndan gelýän bu oýunda geçirilýän tärler bolsa, sport janköýerleriniň arasynda dostlukly duýgulary ösdürmäge hem giň mümkinçilikler açýar.Jemgyýetiň sagdynlygy, ýaş nesliň sagdyn bedenliligini gazanmak meselesi jemgyýetiň iň saýlama, öňdebaryjy raýatlarynyň durmuş hadysasydyr we her günki öz işlerinden daşary ýerine ýetirmeli borjudyr diýsek belki-de hakykatdan daşa düşmeris. “Älemler dogrudyr, sen dogry bolsaň…”
Ine, munuň özi adamyň özüne bermeli bahasynyň ölçegini suratlandyrýan kämil bahadyr. Näme üçin adam çilim çekmeli, eger-de onuň öz pikirleniş ukyby özüni dolandyrmaýan bolsa, diýmek ol sözüň doly manysynda jemgyýetiň adamsy bolup bilermi? Belki-de adam çilimi ýöne endik üçin çekýändir? Diýmek adam ölümi, wagtyndan öň saglygyny ýitirmegi endik edinýärmi, ine gep şunda. Wakalaryň ählitaraplaýyn çözülmegine düşünmek üçin adam hemişe özüni “seljermeli”. Öz içki ahwallaryna hüşgär bolmaly.
Hormatly Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatlaryndan ugur alyp, biziň her birimiz neşe maddalarynyň jemgyýetimize ýetirýän zyýanynyň öňüni almak üçin ählitaraplaýyn çäreleri görmäge ilgezik bolmalydyrys. Hormatly prezidentimiziň tagallasy bilen her bir Türkmenistanyň raýatynyň sagdyn jemgyýetiň ýaşaýjysy bolmagyna öz goşandymyzy goşup, jemgyýete peýdaly halal zähmet bilen durmuşymyzy bezäp, bagtly ýaşamak üçin hemmämizde hukuk bar. Hormatly Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen syýasaty munuň aýdyň şaýadydyr. Şeýle beýik pikire uýýan, şeýle nurana syýasatdan ruhlanýan beýik türkmen halkynyň geljegi hem aýdyňdyr we dünýäniň öňündäki abraýy hem ýokarydyr. Goý, şeýle sagdyn jemgyýetiň ýaşaýjysy bolup, özüňi buýsançly raýatlaryň hatarynda duýmaga, ýurdumyzda halal zähmet çekip, öz işimizde diňe öňe gitmäge mümkinçilik berýän hormatly Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Teswirler