«Galkanyň» hokkeýçileri Türkmenistanyň hokkeý çempionatynyň birinji aýlawynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň çempionatynyň medallary ugrunda göreşýän 6 topar bilen bäsleşýän «Galkanyň» hokkeýçileri ýaryşyň birinji tapgyrynda ýeňiji boldy. Duşuşyklar 2014-nji ýylda açylan Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» gyşky sport merkeziniň buzly meýdançasynda geçirildi.

Milli çempionatyň birinji ýarymynyň jemi boýunça Içeri işler ministrliginiň sport klubynyň topary bäş oýunda bäş ýeňiş gazanyp, çempionatda 15 utuk bilen ynamly öňde barýar. «Galkandan» 4:10 hasabynda ýeke-täk ýeňlişe sezewar bolan Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň «Şir» toparynyň liderden 3 utugy az. «Türkmengaz» Döwlet konserniniň «Oguzhan» topary 9 utuk bilen üçünji orny eýeleýär.

Içeri işler ministrliginiň institutynyň «Nesil», Türkmenistanyň Serhet institutynyň «Merdana» we ýaryşda soňky orunda barýan Goranmak ministrliginiň Harby institutynyň «Watançy» toparlary hem Türkmenistanyň çempionatyna gatnaşýarlar. Iň köp pökgi geçirenleriň arasynda 9 şaýba geçiren «Galkanyň» hüjümçisi Begenç Döwletmyradow öňde barýar. Birinji tapgyrdan soň Türkmenistanyň milli we ýetginjekler (18 ýaşa çenli) toparlarynyň ýetip gelýän dünýä çempionatlaryna taýýarlanmagy sebäpli çempionatda arakesme boldy.

Bu möhüm ýaryşlara taýýarlygyň çäklerinde milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Baýram Allaýarowyň we onuň kömekçisi Ylýas Weliýewiň ýolbaşçylygyndaky hokkeýçilerimiz 21-nji fewraldan mart aýynyň 6-syna çenli «Raubiçi» Olimpiýa taýýarlyk merkezinde (Belarus) jemleýji okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda bolup, onuň çäklerinde birnäçe synag oýunlaryny geçirerler.

Ýetginjekler toparyna öňümizdäki aýda, ýagny 4–7-nji martda Tailandyň Gonkong komandalarynyň gatnaşmagynda Keýptaun şäherinde geçiriljek «B» toparçanyň üçünji diwizionynyň dünýä çempionatyna çynlakaý synag garaşýar, oňa Gonkongyň, Tailandyň,Türkmenistanyň we Günorta Afrika Respublikasynyň toparlary gatnaşýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, türkmen ýetginjekleri şeýle derejeli ýaryşlarda ilkinji gezek çykyş ederler. Oňa hokkeýçilerimiz Guwanç Jepbarowyň we Maksat Ataýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlanýarlar.

Isa HAJYMUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok