«TM KÜŞT» akademiýasynda bäsleşik geçirilýär!

Aşgabat şährinde ýerleşýän «TM KÜŞT» akademiýasynda «Küşt sportdyr, ylymdyr, sungatdyr» şygary astynda Bitaraplygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli sportuň küşt görnüşi boýunça iki tapgyrdan ybarat bolan bäsleşik geçirilýär.

Bäsleşigiň birinji tapgyry

Bäsleşigiň açylyş tapgyry şu gün geçirildi. Ikinji tapgyry bolsa ýekşenbe güni geçiriler. Bäsleşik jemi 10 sany gatnaşyjyň bäsleşmeginde geçirilýär we gatnaşyjylar birnäçe aýlaw edip öz aralarynda bäsleşerler.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp ýaşlaryň akyl işjeňligini kämilleşdirmek, özbaşdak pikirlenmek ukyplaryny ösdürmek maksady bilen geçirilýän bu bäsleşik köpsanly küşt söýerleriň ünsüni özüne çekdi.

Bäsleşigiň I, II we III ýerleri eýelejek ýeňijiler üçin ýörite kuboklar goýuldy.

Şeýle-de okaň:
«TM KÜŞT» akademiýasynda geçirilen küşt ýaryşynyň jemi jemlendi

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok