Ýetginjekler köşgünde täze ýyl şüweleňi geçirildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgünde Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk arçasy guraldy we bezeg işleri geçirildi.

Duşenbe güni bu ýere gurnaklara gatnaýan mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl şüweleňi geçirildi.

Çagalar we ýetginjekler köşgünde 27 sany gurnak hereket edýär. Häzirki wagt aýdym, saz, tans, surat, çeperçilik, daşary ýurt dilleri, çeper sözleýiş we birnäçe gurnaklara 1400-den gowrak mekdep okuwçysy gatnaýar we öz hünär başarnyklaryny kämilleşdirýärler.

Çagalar we ýetginjekler üçin hereket edýän şeýle merkezler ähli welaýatlarda isleg bildirýänler üçin tölegsiz hyzmatyny hödürleýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok