Paýtagtyň seýilgählerinde açyk konsertler geçirilýär

Täze ýylyň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň maşgala bilen şadyýan dynç almaklary üçin ähli seýilgähler we meýdançalar bezeldi.

Günüň ikinji ýarymynda bolsa bu seýilgählerde aýdym-sazly çykyşlar we açyk konsertler geçirilýär.

Şeýle halk köpçüligine açyk konsertleriň geçrilýän ýerleriň biri Ylham seýilgähi. Bu ýerde bezen arçanyň ýanynda ýerleşdirilen sahnada gülkili sahnalar, aýdym-sazly çykyşlar, isleg bildirýänleriň gatnaşmagynda bäsleşikler geçirilýär.

Şeýle-de, Aýaz baba we Garpamyk körpe tomaşaçylar bilen gürrüňdeş bolup, olara höweslendiriji sowgatlar paýlaýarlar.

Aşgabat şäher häkimligi seýilgähleri bezemek boýunça bäsleşik geçirilýär. Bäsleşigiň jemleriniň Täze ýyla golaý wagtda jemlenjekdigi mälim edildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok