Sport enjamlary bilen bir hatarda sport aýakgaplary türgenler üçin örän möhüm ähmiýete eýe. Şol sebäpli hem olary saýlamaga has çynlakaý çemeleşmeli we bellenilen käbir kadalara eýermeli. Mysal üçin: Sport harytlarynyň dükanlary olary satyn almak üçin iň amatly ýer hasaplanylýar. Bu ugurda onlaýn ýa-da egin-eşik dükanlaryndan söwda
etmeklik maslahat berilmeýär. Köplenç halatda diňe daş keşbine esaslanyp, aýakgap satyn alýarys. Aýakgaplaryň özüne çekijiligi möhüm bolup biler, ýöne saglyga dahyllydygyny göz öňüne tutup, esasy ünsi onuň rahatlygyna gönükdirmeli.
Haryt barada dükanyň satyjy hünärmeni bilen maslahatlaşmak zerurdyr. Sebäbi her model aýratyn ugra ýörüteleşdirilen bolup, ýalňyşlyga ýol berilen halatynda oňaýsyzlyk döreder. Adatça, ýadaw aýaklar iň uly göwrüme eýe bolýarlar. Bu bolsa olary haçan satyn almalydygynyň wagtyny kesgitleýär. Şeýle hem, pasyllara laýyklykda aýaklaryň ölçegleriniň birneme üýtgeýändigini hem nazara almaly. Şoňa görä-de, islendik möwsüm üçin iň üstünlikli saýlaw, aýaklara dem almaga mümkinçilik berýän we tebigy ýylylyk çalşygyna päsgel bermeýän tebigy materialdan öndürilen aýakgapdyr. Aýakgabyň aňsatlyk bilen 45° eplenmegi kada laýykdyr. Bu iň ýeterlikli burç bolup, şondan köp ýa-da az bolsa, ol model türgenleşmek üçin amatly däldir. Dogry saýlanan aýakgaplar maşk tehnikasyny kämilleşdirmäge kömek edýär we şikeslerden goraýar. Hiç bir ýagdaýda aýaklaryň gysylmagyna ýol bermeli däl we agramyň aýaklara deň
paýlanmagynyň üpjünçiligine gözegçilik etmeli.
Aýakgaplar herekete päsgel bermeli däldir. Olar näçe ýeňil bolsa, hereket etmek, bökmek, ýöremek şonça amatlydyr. Türgenleşik üçin niýetlenen sport aýakgaplarynda ýörite goşmaça görnüşde howa geçiriji bölek göz öňüne tutulýar. Ol aýakgabyň agramyny peseldýär we oňaýsyz ýagdaýlardan saklaýar.
Dogry saýlanan aýakgaplar size türgenleşikleriň ýa-da gezelençleriň täsirli bolmagyna hem-de az ýadamaga mümkinçilik döreder we islendik ýagdaýda sözüň doly manysynda, aýagyňyzda berk durmaga kömek eder.
Atamyrat GELDIMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Teswirler