Adamyň özüni alyp barşyny kesgitlmek diňe bir özi däl, eýsem beýlekiler bilen aragatnaşygy sazlaşykly ýola goýmak üçin hem peýdalydyr. Her bir adam daşky sypatlary boýunça tapawutlanýar. Elbetde, adamlaryň häsiýetleri hem özboluşly, üýtgeşik, aýratynlyklary boýunça tapawutlanýar. Adamyň gylyk-häsiýetini öwrenmeklik şahsyýetiň özüni alyp barşyny öňünden görmekligiň, aýdyp bilmekligiň iň oňat we ygtybarly usulydyr. Özüňi alyp baryş hereketlerine örän köp sebäpler täsir edýär: adamyň gen gurluşynyň dogabitdi zehini we ukyplary, medeniýeti, ýaşaýan döwri we ýeri, bolup geçýän ýagdaýlar we wakalar, ş.m;
Özüňi alyp barşyň köp dürli modelleri bar, ol adamlaryň özüni alyp barşyny umumylykda düşündirýär. Gylyk-häsiýetleri sypatlandyrmak, tipler boýunça häsiýetlendirmek has amatly we düşnükli usul bolýar.
Gylyk-häsiýetiň dört sany düzümlerini belläliň: adamlar öz güýçlerini-energiýalaryny nämä sarp edýärler; köplenç haýsy, nähili habarlara üns berýärler we ýatda saklaýarlar; olar çözgüde nähili gelýärler we olar daşky dünýäni nähili kabul edýärler. Agzalan ýagdaýlaryň hemmesi biziň durmuşymyzyň möhüm taraplary bilen bagly we netijede biziň özümizi alyp barşymyza güýçli täsirini ýetirýär.
Agzalan dört düzüjileri şkala görnüşde iki gutarnykly ýagdaýda bellemek has peýdaly we düşnükli bolar:
(E) Ekstrawert ———- 0 ———— Introwert (I)
(D) Sensor —————0 ————-Intuit (N)
(T) Logik —————-0—————Emosional (F)
(J) Taktik—————-0—————-Persiwer (P)
Her şkalanyň merkezinde nol nokady bar. Ol hökmany, çünki biziň her birimiz dogabitdi berlen ýagdaýlaryň haýsy hem bolsa birine köpräk ýykgyn bolýarys.
Akbäbek Esenowa
Magtymguly adyndaky TDU-nyň uly mugallymy
Teswirler