Ýaş ykdysadyýetçileriň hepdeligi jemlendi

Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşmesiniň guramagynda 2019-njy ýylyň 16-20-nji dekabr aralygynda ýaş ykdysadyýet muşdaklary üçin çäreler toplumy geçirildi. Bu barada Arzuw.News habar portaly habar berýär.

“Sanly ykdysadyýetiň, telekeçiligiň we innowasiýanyň hepdeligi” ady bilen geçirilen çäreler toplumy ýaşlaryň, esasan-da talyp we okuwçylaryň ykdysadyýet, telekeçilik, sanly ulgam baradaky düşünjelerini giňeltmek maksady bilen geçirildi.

Arzuw.News portalynyň habar bermegine görä 2019-njy ýylyň 17-nji dekabrynda geçirilen “Breýn-ring” toparlaýyn bäsleşiginde A.S. Puşkin adyndaky umumy bilim berýän türkmen-rus mekdebini “Sithi” topary we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň topary tomaşyçylaryň söýgüsini gazanmagy başardy.

“Ýaş kompaniýa – 2019” bäsleşigi bolsa, telekeçilik bilen gyzyklanýan ýaş toparlaryň öndüren önümleriniň sergisi bilen geçirildi. 18-19-njy dekabrda “Ak altyn” otelinde geçen serginiň saýlama we jemleýji tapgyrlarynda 12 topar eminleriň öňünde öz “kompaniýalarynyň” biznes planlarynyň prezentasiýalary ýerine ýetirdiler. Kompaniýalar 8 ugur boýunça sylaglandy.

Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşmesi umumy halkyň, raýatlaryň, ýaşlaryň ykdysadyýet, telekeçilik we malyýe ýaly düşünjeleri giňden wagyz etmek maksady bilen dürli okuw, treýning, konsultasiýalary we muňa degişli gerekli gollanmalary taýýarlamak işlerini alyp barýar.

Surat: Sergeý Mirzoýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok