TSTB-nyň agzalary gök, bakja we miwe önümleriniň ýarmarkasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygyna halka bol elin we elýeter bahadan gök, bakja we miwe önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen ýörite satuw ýarmarkasy öz işine başlady.

Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy” söwda merkeziniň “Gök bazarynda” ýyladyşhanadan ter-täze getirilen alma, nar, gawun, garpyz, hyýar, pomidor, kartoşka, şugundur, umuman ähli bag we bakça önümleri satuwa çykaryldy.

Şeýle-de “Gök bazaryň” öňünde türkmen telekeçileriň ýetişdirýän janly balyklary bazara çykaryldy.

Söwda merkeziniň öňünde bolsa sowgatlyk we süýjülik önümleriniň ýarmarkasy bolsa eýýam birnäçe gün bäri öz işine dowam edýär.

Täze ýyl üçin söwda etmek üçin söwda merkezlerine wagty bolmaýanlar ýa-da eli degmeýänler üçin internet dükanlary öz hyzmatlaryny hödürleýär.

Hojalyga degişli harytlary eltip bermek hyzmaty we töleglerde ýeňillikleri hödürleýän bu onlaýn platformalar türkmen alyjylarynyň durmuşynda uly orun eýeledi.

Ynamdar.Com onlaýn söwda platformasy şolaryň biri. Iýul aýynda hyzmata başlan bu onlaýn dükanyň satyşlary günsaýyn ýokarlanýar. Halkdan gelýän talaplar ýokarlandygy sebäpli çaparçylaryny köpeldip, ammarlarynam giňeldendiklerini satyş menedžeri Kakajan Kakaýew belledi.

“Biziň esasy maksadymyz halka ýokary hilli, ynamly önümleri iň el ýeter bahadan hödürlemek. Sargalanda bellenilen minimal möçber bar. Şoňa görä-de eltip bermek hyzmatlary tölegsiz amala aşyrylýar,” diýip Kakajan öz sözünde goşdy.

Onlaýn söwda platformalary aljak harydyňa görä üýtgeýär. Hojalyk harytlar, eşik, gurluşyk, kitap, kanselýariýa, elektronika, we ş.m. kategoriýalarda dürli internet söwda marketleri hyzmat berýär.

Beýle saýtlaryň köpelmegi müşderiniň saýlamak mümkinçiligini köpeldýär, bäsleşigi artdyrýar. Netijede bazarda galmak üçin her platforma öz müşderilerini kanagatlandyrjak güýçli taraplaryna wagtyň geçmegi bilen çuňlaşyp gider.

Maňa duş gelen käbir onlaýn magazinleri siziň üçin belläp aldym. Bularyň köpsi diňe saýt görnüşde bolsa-da, käbirleri prižoleniýe görnüşde-de hyzmatlaryny hödürleýär. Käbir saýtlar bolsa diňe öz brend önümlerini satuwa çykarýan bolsa, uly bölegi köpdürli söwda nokady bolup halka harytlary ýetirýär.

Hojalyk harytlar:
www.getir.com.tm;
www.gipertm.com;
www.ynamdar.com;
www.100haryt.com;

Eşik / sowgatlyk / umumy:
www.wabrum.com;
www.ykbal.com;
www.karpier.net;
www.gift-tm.com;
www.yashyldunya.com;
www.tolkuchka.bar;
www.elyeterli.com;
www.markayoly.com;
www.ynamly.biz;
www.rowshen.com:

Kompýuter we elektronika:
www.akyoltm.com;
www.gyrattm.com;
www.nokatcomputer.com;

Kitap we kanselýariýa:
www.galam.tm;
www.readit.store;
www.zakazet.com;
www.alemkitaptm.com;

Bildiriş görnüşli satuw:
www.satlyk.org;
www.bazarchy.com;
www.sergimeydany.com;
www.justwish.store;

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok