Türkmen-rus biznes forumy jemlendi

Penşenbe we anna günleri, paýtagtymyzyň Söwda senagat edarasynda türkmen-rus biznes forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde “Russiýanyň söwda öýi” söwda we sergi meýdançasynyň açylyş dabarsy boldy. Bu forumyň asyl maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň işewür toparlarynyň we guramalarynyň arasyndaky söwda we senagat hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup, forumyň çäginde iki ýurduň işewürleriniň gatnaşmagynda telekeçileriň pudaklaýyn ýygnaklary geçirildi. Mundan başga-da forum transport we logistika, senagat, bilim, sanly gün tertibi we iki ýurduň kompaniýalarynyň arasyndaky beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga bagyşlandy.

Häzirki wagtda Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň esasy strategik hyzmatdaşy hasaplanýar. 19-20-nji ýanwarda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky rus wekiliýetiniň türkmen-rus işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin paýtagtymyza geldi. M.Mişustin saparyň çäklerinde Hormatly Prezidentimiz bilen duşuşdy. Ikitaraplaýyn gepleşikleriň barşynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini, hususan-da, söwda, ykdysady, ulag, senagat, energetika, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. M.Mişustin forumyň dowamynda eden çykyşynda forumyň iki ýurduň telekeçileri üçin ähmiýetli boljakdygyny, 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 1 milliard amerikan dollaryna ýetendigini belledi. Bu forum iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky söwda, ykdysady we senagat hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylýanlygynyň aýdyň subutnamasydyr, diýip nygtaldy.

KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok