HGI-de Arkadag şäherine bagyşlanan maslahat geçirildi

Çarşenbe güni türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bolan Halkara gatnaşyklary institutynda “Arkadag şäheri-döwrebap şäher gurluşygynyň belent nusgasy” atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata institutyň halypa mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Maslahatyň gidişinde halypa mugallymlar Ahal welaýatynda gurulýan şähere “Arkadag” adynyň berilmegi watansöýüjiligiň, milliligiň belent nusgasy bolup durýandygyny aýratyn bellediler.

 “Arkadag” şäherindäki desgalaryň mynasyp atlandyrylmagy esasy wakalaryň biridir. Merkezdäki Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebine ussat seýis Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy, mugallymçylyk orta hünär mekdebine edermen esger, halypa mugallym Berdimuhamet Annaýewiň adynyň dakylmagy, lukmançylyk orta hünär mekdebine lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň adynyň dakylmagy, Ahal atçylyk sirkine türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy, welaýat kitaphasyna türkmen halkynyň nusgawy şahyry Döwletmämmet Azadynyň adynyň dakylmagy, drama teatryna meşhur režissýor we dramaturg Aman Gulmämmedowyň adynyň dakylmagy, täze şäheriň ýörite sungat mekdebine ussat bagşy Sahy Jepbarowyň adynyň dakylmagy, çagalar sungat mekdebine hem Şükür bagşynyň adynyň dakylmagy muňa giňişleýin mysaldyr, diýip maslahatda çykyş edenler nygtady.

Maslahatyň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dowam bolsun” atly goşgusy okaldy.

KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Surata düşüren: Berdigylyç Ýazmyradow

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok