Ýakynda “Aşgabat” söwda we dynç alyş merkezindäki “Şamelek” toý mekanynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Ajap zamana Täze ýyl geldi” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagynyň wekillerini, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň işgärlerini bir ýere jemlän baýramçylyk dabarasy ýetip gelýän Täze 2023-nji ýylyň ruhuna kybap derejede şatlyk-şowhun bilen geçirildi. Dabaranyň dowamynda halkymyzyň içinde söýlüp diňlenilýän bagşy-sazandalar baýramçylyk çykyşlary, aýdym-sazlary bilen gatnaşyjylaryň ruhlaryny has-da galdyrdylar.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler