Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy «Nesilde»

2019-njy ýylyň 30-njy noýabrynda Aşgabat şäherindäki Köpugurly sport toplumynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryşyň açylyşy dabarasy geçirilipdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky ýaryş 2019-njy ýylyň 10-njy dekabrynda üstünlikli tamamlandy. Bu abraýly hokkeý ýaryşynda «Nesil» hokkeý topary ýeňiji boldy.

Toparçadaky bäsleşiklerde öňe saýlanan «Şir» we «Nesil» toparlary finalda duşuşdylar. Netijede, 11:5 hasabynda ýeňiş gazanan «Nesil»  Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogyny eýeledi.

Final oýnunda garşydaşyndan utulan «Şir» topary 2-nji orny eýeledi. 3-nji orna «Galkan» topary mynasyp boldy ( «Galkan» – «Oguzhan», 11:5).

Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogy ugrundaky hokkeý ýaryşy Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi bilen Türkmenistanyň hokkeý federasiýasy tarapyndan guraldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok