Paýtagtymyzdaky küşt we şaşka mekdebinde Türkmenistanyň Milli küşt federasiýasynyň guramagynda ýurdumyzyň sport mekdepleriniň küşt boýunça tälimçileriniň, şeýle-de milli ýygyndymyzyň agzasy bolan ýaş küştçüleriň birnäçesiniň gatnaşmagynda golaýda geçirildi.
Özbegistan Respublikasynyň Küşt federasiýasynyň wise-prezidenti, küşt boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň prezidenti, FIDE-niň anti-çiting toparynyň agzasy Husan Turdaliýew bilen Russiýa Federasiýasynyň Küşt federasiýasynyň eminler geňeşiniň agzasy, FIDE-niň halkara derejeli emini Mihail Krýukowyň gatnaşmagynda geçirilen maslahatda tälimçilerimiz bilen FIDE-niň halkara ýaryşlaryň düzgünleri, tälimçiniň borçlary, oýunlarda türgenleriň berjaý etmeli düzgünleri hakynda giňişleýin pikir alşyldy.

— Türkmenistanda sporta berilýän üns örän ýokary. Biz muny küşt boýunça halkara ýaryşlarda ýokary netijäni görkezmegi başarýan türkmen küştçüleriniň mysalynda hem anyk aýdyp bilýäris. Häzirki wagtda ýurduňyzda FIDE-niň ussady bolmagy başaran türgenleriň birnäçesi bar. Olardan Jemal Öwezdurdyýewa, Lala Şöhradowa, Annagözel Mekanowa, Azat Nurmämmedow, Saparmyrat Atabaýew ýaly küştçüleriň adyny agzamak bolar.
Özüm türkmen küştçüleriniň arasynda ilkinji gezek bolýaryn. Ýerli tälimçiler bilen maslahatymyz ýokary derejede geçirildi. Bu ýerde ýaş nesle küşt we şaşka boýunça bilim berýän ýörite mekdebiň gurulmagy hem türkmenistanlylaryň küşt sportuna söýgüsiniň ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Aşgabat şäherindäki sport desgalary, sport mekdepleri bilen tanyşmaga, türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygymyzy bildirýäris — diýip, özbegistanly myhman Husan Turdaliýew belläp geçdi.

Hakykatdan hem, soňky ýyllarda sportuň küşt görnüşi boýunça türgenlerimiziň gazanýan üstünlikleri guwandyryjy. Muny FIDE-niň agzalary bolan ýaş küştçüleriň birnäçesiniň mysalynda hem anyk görýäris. Maslahatdan soňra, küşt boýunça milli ýygyndymyzyň türgeni, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi Annagözel Mekanowa bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol gazanan üstünlikleri barada şeýle gürrüň berdi:
— Sekiz ýaşymdan bäri küşt boýunça Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowadan tälim alýaryn. Tälimçimiň yhlasy netijesinde ýaşlaryň arasynda geçirilen çempionatlara gatnaşyp, on bir gezek ýurdumyzyň çempiony bolmagy başardym. Diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda hem öz başarnygymy görkezip, Watanymyzyň sport abraýynyň ösmegine mynasyp goşandymy goşup gelýärin. 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Kazan şäherinde geçirilen II halkara sport festiwalynda 3-nji orna, 2015-nji ýylda Tailandda mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 1-nji orna, 2016-njy ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçirilen halkara ýaryşda hem 1-nji orna mynasyp bolmagy başardym. Şeýle-de, dünýä çempionatynyň dowamynda maňa Bütindünýä Küşt federasiýasynyň ussady diýen hormatly at berildi.

2018-nji ýylyň noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde Günbatar Aziýa ýurtlarynyň ýetginjekleriniň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda 3-nji orna, şol ýurtda şu ýylyň iýunynda geçirilen Aziýa çempionatynda üç medala — küştüň rapid görnüşinden 1-nji orna, nusgawy we bliss görnüşlerinden bolsa 3-nji orna mynasyp bolmagy başardym. Biz — ýaşlara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sport bilen meşgullanmaga, halkara ýaryşlara gatnaşmaga döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýärin.

Teswirler