Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynda saparda boldy

2022-nji ýylyň 1-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet Baştutanlygy wezipesine saýlanyp, daşary ýurda ilkinji saparyny Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyrdy.

Serdar Berdimuhamedow yslam dünýäsinde keramatly saýylýan mukaddes topraklarda özüniň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etdi. Saparyň ilkinji güninde Arkadagly Serdarymyzyň uçary Jidda şäheriniň Halkara howa menziline gelip gondy. Howa menzilinde belent mertebeli türkmen myhmanyny Mekge welaýatynyň häkimi, Saud Arabystanynyň Patyşasynyň geňeşçisi Halid bin Feýsal Al Saud we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Soňra Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni mukaddes Mekge şäherine ugrady. Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň din wekilleriniň ugratmagynda Al-Haram metjidine bardy. Mukaddes Al-Haram metjidiniň ýanynda döwlet Baştutanymyz we Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary öýle namazyny okadylar. Şondan soňra Arkadagly Serdarymyz we türkmen zyýaratçylary umra haj üçin ähli dessurlary ýerine ýetirip başladylar. Haj üçin ähli dessurlar ýerine ýetirilýän pursadynda Arkadagly Serdarymyz türkmen halky üçin Beýik Biribardan doga-dilegler etdi.

Saparyň ikinji güninde Arkadagly Serdarymyz Medine şäherine bardy we ol ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Medine welaýatynyň häkimi Feýsal bin Salman Al Saud we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Hormatly Prezidentimiziň ulag kerweni howa menzilinden Muhammet pygamberiň metjidine tarap ugur aldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wekiliýet agzalary bilen bilelikde Muhammet pygamberiň metjidiniň hormatyna Muhammet pygamberiň metjidinde (Al-Masjid an-Nabawi) namaz okady. Pygamberimiziň müdimilik aram tapan ýerinde Beýik Biribardan ata Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň parahatçylygy we rowaçlygy üçin doga-dilegler edildi.

Her bir musulman üçin mukaddes bolan ýerlere zyýaratdan soňra, hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Medinäniň Şazada Muhammed bin Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline ugraýar. Döwlet Baştutanymyz Saud Arabystany Patyşalygynyň wekillerine mukaddes toprakda — yslam dininiň watanynda türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur minnetdarlygyny beýan edip, Watanymyza ugrady.

TDH

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok