Italiýanyň “Seriýa A” ligasynyň toparlaryndan biri bolan “Milan” ABŞ-nyň “RedBird Capital Partners” kompaniýasyna 1,2 milliard ýewro möçberinde satyldy. Italiýanyň “Milan” topary tarapyndan berlen beýanatda “Elliott Advisors” bilen “RedBird Capital Partners”-yň arasynda kluby satmak barada şertnama baglaşylandygy habar berildi.
Beýanatda habar berilmegine görä, satuw işleri sentýabr aýyna çenli tamamlanar. “RedBird Capital Partners” -yň esaslandyryjysy Gerri Kardinale öz internet torunda ýazan hatynda: “Milanyň taryhynyň bir bölegi bolmak we klubyň Italiýanyň, Ýewropanyň we Dünýä futbolynda mynasyp orunda galmakda möhüm rol oýnamak biziň üçin mertebedir. Milany has-da öňe ilerletmek üçin toparymyz, toparymyzyň ýolbaşçylary we dünýäniň her künjegindäki janköýerlerimiz bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.” diýip belläp geçdi.
A.C Milan – Milan 1899-njy ýylda telekeçi Herbert Kilpin we telekeçi Alfred Edwards tarapyndan esaslandyryldy. Bu klub döredilen gününden bäri, 1980-81 we 1982-1983 möwsümlerinden başga ähli möwsümlerde Italiýa futbolynyň iň gowy futbol klublarynyň biri boldy.
Allanur RAHYMOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler