Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde geçirilýän halkara bäsleşikleriň sany köpeldi. Birnäçe ýyldan bäri türkmen ýaşlary hem halkara bäsleşikleriň ençemesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Türkmen ýaşlarynyň öňdäki orunlara mynasyp bolmaklary, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Şeýle hem olaryň halkara derejeli bilim bäsleşiklerine yzygider gatnaşmaklary, munuň özi ýurdumyzyň zehinli ýaşlarynyň ýüze çykarmak bilen birlikde, Ýer ýüzüniň ýokary okuw mekdepleri bilen göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna-da ýardam edýär.
Aprel aýynda Moskwa şäheriniň A.A. Leonow adyndaky tehnologiýalar uniwersitetinde XIV açyk halkara olimpiadasy geçirildi. Her ýylda guralýan bu halkara bäsleşige dünýäniň 50-den gowrak ýurtlarynyň 10-11-nji synp mekdep okuwçylary we orta hünär okuw mekdepleriniň 1-2-nji ýyl talyplary gatnaşdylar. Bu geçirilen halkara bäsleşikde Türkmenistanyň hem zehinli okuwçylary gatnaşyp, bilim başarnyklaryny görkezdiler. Olardan iňlis dili dersi boýunça Aşgabat şäheriniň Dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçylary Giçgeldiýewa Leýli 2-nji orna, Oramedow Kadyr we Orazberdiýewa Ogulsoltan 3-nji orunlara mynasyp boldular. Halkara olimpiadanyň ýeňijileri diplomlar we gymmatbahaly sowgatlar bilen sylaglandylar. Ýeňijilerimizi şowly baýraklary bilen gutlap, olaryň geljekki bäsleşiklerinde üstünlik ýaran bolmagyny arzuw edýäris!
Aýbölek GURBANGELDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Himiýa fakultetiniň Himiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler