Aziýanyň futzal çempionatynda Türkmenistanyň, Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň ýygyndylary bir toparçada bäsleşerler

Aşgabat şäherindäki «Olimpiýa» myhmanhanasynda Aziýanyň futzal çempionatynyň bije atyşlyk dabarasy geçirildi.  Bijä görä, Aziýanyň futzal çempionatynda Türkmenistan bilen bir toparçada  («A») Omanyň, Täjigistanyň we Wýetnamyň ýygyndylary çykyş ederler.

Bije atylmazyndan öň Türkmenistan ýaryşyň guramaçysy hökmünde Eýranyň, Ýaponiýanyň hem-de Özbegistanyň toparlary bilen birlikde birinji sebede goýuldy. Munuň özi toparlaýyn tapgyrda bu ýygyndylaryň öz aralarynda duşuşmajakdygyny aňladýar.

AFK-nyň futzal boýunça çempionatynyň bije atmak dabarasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan giňişleýin şöhlelendirildi. Sebäbi Aşgabatda geçiriljek futzal çempionaty hemmelerde uly gyzyklanma döredýär. 

2020-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek futzal baýramynda çykyş etjek ýygyndylar öz bäsdeşleriniň kimdigini bildirler. Indi olar öňdäki ýaryşa ykjam taýýarlanyp başlarlar.

Toparçalaryň doly düzümi

  «A» toparça: Tajigistan, Oman, Wýetnam, Türkmenistan

  «B» toparça: Gyrgyzstan, Kuweýt, Liwan, Ýaponiýa

  «C» toparça: Hytaý, Indoneziýa, Bahreýn, Özbegistan

  «D» toparça: Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany, Taýland, Eýran

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň resmi saýtynyň materiallary esasynda taýýarlanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok