“Komodo” halkara matematika festiwalynda türkmen ýaşlarynyň üstünlikleri

Sanly tehnologiýalaryň çalt depginlerde ösmegi bilen ýaşlaryň dürli derejedäki uzak aralykdan aň-paýhas ýaryşlaryna gatnaşmaga islegi artýar. Şu ýylyň dowamynda hem dünýäniň esasy bilim merkezleri halkara onlaýn-ýaryşlarynyň birnäçesini guradylar. Şol bäsleşiklerde gatnaşan türkmen ýaşlary hem üstünlik gazanyp gelýärler.

Aprel aýynda ýurdumyzyň mekdep okuwçylary Indoneziýada geçirilen matematika boýunça I-EMC 2022 wirtual olimpiada gatnaşdylar.Düzgün boýunça bäsleşik ýaş kategoriýasy boýunça geçirildi. Şolaryň arasynda Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiň okuwçylary Gülnazik Amanowa we Emir Han Ahmedow “Salamander” kategoriýasy boýunça altyn medala mynasyp boldular. “Chameleon” kategoriýasy boýunça  Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilleri boýunça ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň okuwçysy Mätniýazow Soltanbaý altyn medal gazandy we Aşgabat halkara mekdebiniň okuwçysy Atarw Tripatiy we  Daşoguz şäheriniň daşary ýurt dilleri boýunça ýöriteleşdirilen 24-nji orta mekdebiň okuwçylary Aşyrow Nurmyrat, Hanbaýew Aýdogdy kümüş medallara eýe boldular. Iguana kategoriýasy boýunça Daşoguz şäheriniň iňlis, himiýa we biologiýa derslerini öwredýän 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Nyýazmedowa Bahar bürünç medalyna eýe boldy, şeýle hem Aşgabat şäherindäki 66-njy orta mekdebiň okuwçylary Eziz Bežew we Muhammetnyýaz Kasymow  höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular. “Dragon” kategoriýasy boýunça, Daşoguz şäheriniň ýaş fizikler we matematikler üçin ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçysy Mergen Gaýypow we Daşoguz şäheriniň iňlis, himiýa we biologiýa derslerini öwredýän 26-njy orta mekdebiň okuwçysy Şamedow Röwşen bürünç medallary gazandylar. Gatnaşanlar bäsleşigiň çylşyrymly, ýöne gyzykly bolandygy barada belläp geçdiler.

NoNameSchoolMedalNotesCategory
1Mergen GaýypowSpecialized school for young phisicists and mathematicians #21Bronze Dragon
2Shamedov RovshenSchool N 26 specialized in English, Chemistry and Biology of Dashoguz cityBronze Dragon
3Bahar NiyazmetovaSchool N26 specialized in English, Biology and Chemistry of Dashoguz cityBronze Iguana
4Eziz BeževSecondary School No66 of Ashgabat CityHonorable Mention Iguana
5Kasymov MuhammetnyyazSecondary School No66 of Ashgabat CityHonorable Mention Iguana
6Matniýazow Sultanbaý BahadirowiçSpecialized school for learning foreign languages #24Gold Chameleon
7Aşyrow Nurmyrat GüýçmyradowiçSpecialized school for learning foreign languages #24Silver Chameleon
8Atharv TripathiAshgabat International SchoolSilver Chameleon
9Hanbaýew Aýdogdy SarybaýewiçSpecialized school for learning foreign languages #24Silver Chameleon
10Ahmedow Emir Han AhmedowicSpecialized school for learning foreign languages #1Gold5th Absolute WinnerSalamander
11Amanowa Gülnäzik AkmyradownaSpecialized school for learning foreign languages #24Gold Salamander

Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän “Komodo” halkara matematika festiwaly Indoneziýanyň “Eduversal” bilim guramasy tarapyndan gurnalýar. Bäsleşik onlaýn görnüşinde ýokary derejede, webkameralaryň gözegçiliginde geçirilýär.

Öňki ýyllarda geçirilen I-EMC’2020 we I-EMC’2021 olimpiadalary şu ýyl “Komodo” matematika festiwaly ady bilen geçirildi. Bu matematika bäsleşigi 4 ýaş kategoriýasynda geçirildi: “Salamander” – 10 ýaşa çenli, “Hameleon” – 12 ýaşa çenli, “Iguana” – 15 ýaşa çenli we “Dragon” – 18 ýaşa çenli. Bu ýylky olimpiada 65 döwletden 2 müňden gowrak mekdep okuwçysy gatnaşdy.

Ýulduz BABAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok