“Content Marketing” barada näme bilýäris?

Mundan birnäçe ýyl öň “trend”, “content”, “label”, “brand”, “IT”, “marketing”, “managment”, “app”, “software”  ýaly iňlis dilindäki aňlatmalar jemgyýetimiziň uly bölegine nätanyş hem bolsa, bugünki günde gündelik gepleşikde ýygjam ulanylýan sözleriň hataryna girdi.

Bir tarapdan tehnologiýanyň , onda-da informasion we kommunikasiýa tehnologiýalarynyň öz tiz depginde ösmegi, täze ýüze çykýan terminleri bolşy ýaly kabul etmäge mejbur edýär. Şu ýyl Türkmenistanda Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň açylmagy hem döwrüň talaplaryna jogap berýän ýokary okuw jaýyny ýola goýmakdan ybarat.

Soňky birnäçe ýylyň içinde Türkmenistanda senagat we önümçilik ýokary depginde ösüşlere beslenýär. Kärhanalar öz öndürýän harytlaryny diňe bir içerki bazarda däl, eýsem daşary ýurtlara-da eksport etmegiň hem uly aladasyny edýärler.

Bazar bäsleşiginde bolsa harytlaryň we söwda nyşanlarynyň saýlanyp çykmagy  çuň oýlanşylan marketing strategiýalaryny talap edýär. Önümiň mahabaty, satyş kanallarynyň zerur bolşy ýaly, önümiň müşderilere ýetirilişi üçin gerekli kataloglar we  internet saýtlary hem uly orun eýeleýär.

Önümi öndüriji öz önümlerini internet ulgamynda ýerleşdirmek üçin belki ýüz tutjak edarasy web sahypalarynyň taýýarlaýan kärhana ýüz tutýar. Kä halatlarda buýurujy hyzmat üçin şertnama ylalaşyp, töleg geçmek bilen potratçynyň işi özüni doly ýagdaýda ýerine ýetirjegine ynanýar.

Emma bu düýbünden ýalňyş pikir. Potratçy saýtyň elementlerini, baglaryny, bazasyny sazlap berse-de, saýtda ýerleşdiriljek maglumatlary kärhananyň özi üpjün etmeli. Hatda ilki başda buýurujy kärhananyň sargajak bolýan saýtyny brending syýasaty bilen utgaşykly ýerine ýetirilmeli. Brending, logotip, korporatiw reňkler saýlanmadyk bolsa, bu hyzmatlar aýratyn ýerine ýetirilýär.

Saýtyň esasy durky belli bolandan içine ýerleşdiriljek mazmun, ýagny CONTENT, işlenip düzülýär. Mazmuna esasan tekst, grafika, wideo, infografika, diagramma we beýleki maglumatlary öz içine alýar. Potratçy buýurujynyň ýagdaýyny göz öňüne tutup, Content Writer ýa-da Content Producer işledýär. Gerekli maglumatlary müşderiden alyp, ony grafika bilen utgaşdyryp Front End (saýtyň daşky görnüşiniň dizaýny) dizaýnere ýetirýär. Müşderi Front End we tehniki şertnama bilen ylalaşandan soň Back End (saýtyň arkasynda görünmeýän programmalary ýazmak) işine başlanylýar.

Üýtgeşme girizmek bolsa şertnama esasynda ýerine ýetirilýär.  Käte müşderi şertnama möhleti gutarandan hem soň potratçynyň hyzmatlaryndan tölegsiz peýdalanmagy endik edinýär. Aslyýetinde tehniki şertnamanyň möhletinden soňky hyzmatlar tölegli esasda ýerine ýetirilýär. Sebäbi bu işler potratçynyň artykmaç wagtyny alýar, we her ýyl täze proýektler işläp düzýän kärhananyň şeýle müşderileriniň köpelmegi çykdajyly bolýar.

Aşgabatda geçen Türkmentel-2019 sergisinde “Asman oky” HJ-de Content Writer bolup işleýän Aşyr Aşyrow, maglumat ulgamlarynyň bu pudagy barada gürrüň berdi.

Ösýän IT dünýäsiniň türkmen diline ýetirýän täsirini inkär edip bolmaýar. Käbir tehnologiýa terminlerini terjime ediljek bolanda bir sydyrgyn terjime gitmän, dürli dürli terjimeler bilen ýüzleşip bilýäris. Sergä gatnaşan 100-den gowrak IT kärhanasynyňam öz platformalarynyň türkmen dilindäki mazmunyny halka ýetirjek bolanda belli bir kynçylyklary çekýändigi iki uçsuzdyr. Ýakyn geljekde bu meselä hem degişli institutlaryň,  Ylymlar akademiýasyny we edaralaryň bilelikde türkmen diliniň tehnologiýa sözlügini emele getirmek jemgyýet üçin uly peýdasy bolar.

2019-njy ýyl “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” ýyly diýilip yglan edildi. Öňki ýyllarda badalga berlen sanly ykdysadyýete geçişe, bu ýyl aýratyn tizlik berildi.  Uly-kiçi dürli kärhanalar, pudak edaralary, bilim ojaklary elektron ulgama geçişde uly ädimler ätdiler. Sanly hökümet portaly ýola goýuldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasy ýaşlary ylyma, bilime we telekeçilige çekmek barada uly işler alyp barýar. “Ýaş alymlar merkezi” talyplaryň tehnologiýa we inženerlik döredijiligi üçin ähli şertleri üpjün edýär.  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy bolsa ýaş oýlap tapyjylar üçin “start up” çäreleri gurnaýar, telekeçilik bilen gyzyklanýan ýaşlara goldaw berýär.

Merdan Ataýew

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok