Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Döwlet nyşanlarymyz – mukaddesdir” atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýew, Türkmenistanyň halk artisti Öwez Gelenow, halypa žurnalist Narly Nuryýew, institutynyň mugallymlary, talyplary hem-de döredijilik aýdym-saz topary gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň üstünlikleri, bagtyýar durmuşymyz, milliligimize bolan beýik sarpa, türkmen bedewleriniň gözelligi wasp edildi. Döredijilik duşuşygynyň geçirilýän ýerinde guralan sergi hem ahalteke bedewleriniň gözelligi, olara mahsus häsiýetli hereketler, at çapyşygyndan alnan işleriň sergilenmegi hem-de aýdym-sazly çykyşlaryň ýerine ýetirilmegi duşuşygyň has-da işjeň bolmagyna oňyn täsirini ýetirdi. Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ähli türkmen halkymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan-saglygyny, belent başynyň aman bolmagyny, tutumly işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Gunça HAMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler