ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy Iş Nokady we “Keýik Okara” jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde 2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde ejiz aýal-gyzlary we töwekgel gylyk-häsiýetli ýetginjekleri goldamak boýunça çäresini geçirdi. ÝB-nyň wekilhanasy “Gender deňligi we sosial inklüziýa” atly ýörelgäni göreldeli wakalary bilen ylham berip öňe sürýän onlaýn kampaniýasyny geçirdi.
“Ejizlik bu öňüni alyp bolmajak sosial hadysadyr. Durmuşymyzy ejizleşdirýän birnäçe aspektlar bardyr. Pes sosial jebislik, durnuksyz maliýe ýagdaý, howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleri – bularyň hemmesi jemgyýetimiziň her bir agzasyny sarsgynlara we garaşylmadyk töwekgelçiliklere sezewar edýär. Şonuň bilen baglylykda, ÝB-niň Türkmenistandaky wekilhanasy bu mowzugy ara alyp köpçülikleýin maslahatlaşyp gyzyklandyrmak we jemgyýeti mobilizlemek üçin platforma döretmegi maksat edinýär” – diýip, Diýego Ruiz Alonso belledi.
Ejiz aýal-gyzlary we ýetginjekleri goldamak üçin geçirilen bu çäre, Türkmenistanda “Gender deňligini we sosial inklüziyany” ösdürmek boýunça ÝB-nyň wekilhanasynyň tagallalaryny jemledi we hususy pudagyň altmyş wekilini, köpçüligiň, Türkmenistanyň diplomatik korpusynyň, habarçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdelerine täsir edijileri özünde jemledi.
Bu çäre interaktiw formatda geçirildi we gatnaşyjylara ejizlik düşünjesi barada maglumat almaga hem-de adamlaryň näme üçin we nädip ejiz bolýandyklaryny düşünmäge ýardam berdi. Jemgyýetçilik guramalary we maýyplyk meselesinde işleýän hususy sektordan gelen spikerleriň bäş sany çykyşy arkaly jemgyýeti mobilizlemek barada täsirli maglumat berildi. Hususan-da, Sabir Agabalaýew “Keýik Okara” we Gulya Çorekliýewa “Ýeňme” ejizlik düşünjesini we ejiz toparlary goldamagyň usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Telekeçiler Jamilýa Jepbarowa we Aýna Öwezowa maşgaladaky zorlugyň pidalary, öň tussagda bolanlar, köp çagaly aýallar, maýyp zenanlar we oba ýerlerindäki aýallar ýaly ejiz aýallar bilen işlemek tejribesini beýan etdiler. Telekeçiler jemgyýetçilik işewürligine nädip gatnaşmalydygyny, we onuň näme üçin möhümdigini hem-de ejiz aýallar bilen özüňi alyp barmak boýunça görkezmeler berdiler. Netijede, Jamilýa Kerimowa öz-özüňi höweslendirmek we halypaçylygyň wajyplygy hem-de ilatyň ejiz toparlaryny goldamak üçin hususy pudagyny çagyrmagy ähmiýeti barada maglumat berdi.
Teswirler