TT we II dünýäniň iň gowy ýaş ýokary okuw jaýlarynyň sanawyna girdi

Dünýäniň abraýly halkara žurnaly bolan Times Higher Education-yň bellemegine görä, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ilkinji gezek dünýäniň iň gowy ýaş bilim edaralarynyň sanawyna girizildi.

Dünýä ýüzünden jemi 539 ýokary okuw jaýlarynyň reýtinge giren bu sanawyň netijeleri jemlenilende ýokary okuw jaýlarynyň netijeliliginiň 13 görkezijisine baha berilýär, ýagny bular bilim beriş hiline, ylmy gözleglere, halkara hyzmatdaşlyga we birnäçe esaslara seredilip netije jemlenýär.

Ýatlap geçsek, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty ilkinji gezek «UI Green Metric World University Ranking 2021» dünýä derejesindäki reýtinge girmegi başarypdy.

Bahar ÖWEZOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok