Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleri ählumumy we sebit derejesindäki meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly çözulmegine esaslanýar. Bu ýörelge abadançylygyň üpjün edilmegine, halklaryň we ýurtlaryň arasyndaky netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň saklanmagyna, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna gönükdirilendir.Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynda diplomatik gullugyň üstüne örän jogapkärli wezipeler düşýär. Ylmy çeşmelerde bellenilişi ýaly, diplomatik gulluk döwlet diwanynyň aýratyn bölegidir we ol halkara gatnaşyklary çäginde öz döwletiniň hukuklaryny goramak wezipesini öz öňünde goýmak bilen, öz ýurdunda-da, daşary ýurtlarda-da hereket edýär.
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen alyp barýan ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşip, täze derejä çykýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy parahatçylygy söýüji we dörediji döwlet hökmünde halkara jemgyýetçiliginde özüni ykrar etdirmek bilen dünýäniň 150-ä golaý döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyz köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit hem-de ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny birleşdirmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär.
Milli Liderimiziň bu öňdengörüjilikli strategiýasy hem-de öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary ählumumy goldawa mynasyp bolýar.
Ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň hem-de konsullyk edaralarynyň ulgamy ýylsaýyn giňelýär. Türkmenistan goňşy ýurtlar hem-de dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän döwletler bilen dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy okgunly ösdürip hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen giň gerimli düzümleýin taslamalaryň başyny başlap we bilelikde durmuşa geçirip, dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna ynamly goşulyşýar, onuň halkara abraýy barha artýar.Häzirki döwrüň ýagdaýlaryndan we talaplaryndan ugur alnyp, milli diplomatiýa mekdebiniň ösdürilmegine hil taýdan täze itergi berildi. Öňüni alyş diplomatiýasynyň kuwwatyndan netijeli peýdalanma, onuň ýüze çykýan dawalary hem-de gapma-garşylyklary syýasy-diplomatik usullar arkaly kadalaşdyrmak, parahatçylyk döredijilik we ynanyşmagy pugtalandyrmak çäreleri ýaly gurallary netijeli ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär.
.
Ahmet Taganow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler