Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we Informatika Institutynyň mugallymy Tahyr Nazarow “2021-nji ýylyň hünärmeni” atly halkara bäsleşiginiň ýeňijilerinden biri bolmagy başardy.
Sanly ulgam arkaly geçirilen bu Halkara bäsleşik Russiýa Federasiýasynyň «Täze ylym» halkara ylmy hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan guraldy. Tahyr Nazarow özüniň hödürlän “Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini emele getirmekde bilim toparlarynyň potensialy” atly ylmy makalasy bilen bäsleşikde ýeňiji bolmagy başardy.
Tahyr Nazarow özüniň makalasynyň mazmuny we açylyşynyň giňligi üçin 1-nji dereje diplomy we halkara hünär gözleg bäsleşiginiň makalalarynyň aýratyn niýetlenen ýygyndysynda neşir etmek, şeýle hem işini ylmy elektroniki kitaphanada ýerleşdirmek hukugy bilen sylaglandy.
Teswirler