Oguzhan adyndaky TITU-da sergi geçirildi we maslahat geçirildi.

Oguzhan adyndaky TITU-nyň talyplary we mugallymlary StartUp üçin taýýarlan taslamalarynyň sergisi we prezentasiýalary geçirildi.

Geçirilen sergilerden soňra, ýokary okuw jaýynda TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda telekeçiler we ýaş startapçylaryň duşuşygy geçirildi. Maslahatda telekeçiler ýaş StartUp-çylara öz tejribelerini gürriň berdiler we öz maslahatlaryny beýan etdiler.

Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Nazkulyýew talyplara täsirli gürrüňlerini we özüniň birnäçe maslahatyny beýan etdi.

Şeýle-de geçirilen çärä birnäçe telekeçiler gatnaşdy. Hususan-da “Arassa nusga” HK-nyň esaslandyryjysy Aleksandr Petrosow we “Sungat eseri” HJ-iň esaslandyryjysy Eziz Beknazarowyň täsirli gürriňleri çäre bilen utgaşyp gitdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok