Gelejegiň organiki asfalt ýollary

Organiki ýollarda awtoulag ýa-da başga ulag görnüşini sürmek pikiri mümkin däl ýaly bolup biler, ýöne bu hakykat. Gollandiýaly alymlar awtoulag ýollaryny ekologiýa taýdan arassa etmegiň usulyny tapandyklaryny öňe sürýärler. Alymlar asfalt ýollarda bitum diýlip atlandyrylýan agyr we gaýtadan işläp bolmaýan materiallaryň ýerine lignin ulanyp, muny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýärler.

Lignin, sellýuloza bilen bilelikde öýjük diwarynyň düzüminden tapylan we ösümlige agaç gurluşyny berýän organiki molekuladyr. Köp agaçlarda we ösümliklerde duş gelýän lignin ösümlige dik durmaga mümkinçilik berýär, suw molekulalaryny ýok edýär we ýokarky ýapraklary we şahalary suw bilen üpjün edýär. Lignin köplenç kagyz ýasamakda galyndy molekulasy hökmünde duş gelýär.  

Kagyz fabrikleriniň elektrik zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin galyndy lignin köplenç ýakylsa-da, alymlar bu gözleg bilen lignin-bitum birleşmelerini döretmek üçin lignin molekulalaryny ulanmagy göz öňünde tutup başladylar. Munuň bilen bitumyň ulanylyş derejesini elli göterim azaltmak mümkin bolar.

Atageldi GARAJAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň uly mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok