Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda täze ýolagçy awtoulag terminalynyň gurluşygy alnyp barylýar. Ýokary depgin bilen alnyp barylýan bu awtoterminal, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Muhammet-Balkan» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan kaşaň, döwrebap görnüşde alnyp barylýar. Bu baradaky habary «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtyna salgylanmak bilen turkmenportal internet saýty habar berýär.
Saýtda habar berilmegine görä, 3 gektar meýdany tutjak täze awtoterminal merkezi şäher bazarynyň golaýynda gurulýar. Iki gatly binada garaşma otagy, ýolagçy ulagynyň ähli görnüşleri üçin bilet kassalary, maglumat hyzmaty we ammar otaglary ýerleşer. Sekizburçly ýyldyz görnüşinde gurlan awtoterminalyň awtobuslara we ýapyk taksi duralgalaryna amatly çykyşy bolar.Bu desga ýanaşyk meýdançalaryň ählisinde agaç oturdylar we abadanlaşdyrylar. Bu ýerden rahat awtobuslar bilen sebitiň we ýurduň dürli künjeklerine ýolagçy gatnatmagy amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Hanyýew Şatlyk
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
Teswirler