KAMIL WELIAHMEDOWYŇ NAKGAŞÇYLYK ŞYGRYÝETI

Türkmen tebigatynyň gözelliginiň aşygy, onuň jadyly reňkleriniň we howasynyň täsinliklerini açmagy özüniň döredijiliginde maksat edinen Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kamil Weliahmedowyň nakgaşlyk eserleri diýseň ajaýypdyr. K.Weliahmedow üçin sungat – bu elmydama gujur gaýratyňy gaýgyrman işlemegiň manydaşy. Gyşyň sowugynda, tomsuň jöwzaly yssysynda janly tebigatyň goýnunda onuň bilen söhbetdeş bolup işlemek, ynha suratkeşiň zerurlygy.

Suratkeşiň  çagalygy ir tamamlanyp, ykbalyň erki bilen ýaşlykdan ýadawsyz işlemäge öwrenişdi. Ýaşajyk Kamilde Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebiniň mugallymy Annatoliý Rýabow sungata bolan söýgini ilkinji oýardy. 1973-nji ýylda K.Weliahmedow paýtagtymyzda ýerleşýän Ş.Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi) nakgaşçylyk hünärine okuwa kabul edilýär. Onuň ilkinji halypalary ussat mugallym Gulýa Meläýewa we Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow. Talyplyk ýyllarynda Kamile plener nakgaşçylygyň ähmiýeti hakyndaky tejribe esaslaryny Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramow öwredýär. 

Häzirki günde türkmen peýzažynyň görnükli wekili Kamil Weliahmedow belli fransuz impressionistleri Pissarro, Mone, Sezann ýaly janly tebigatyň üýtgäp duran ajaýyp keşbini kendire geçirmäge ussatlyk bilen çalyşýar. Suratkeş eserlerinde adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygy oňat duýýan we kalby bilen syzýan dörediji şahsyýet hökmünde çykyş edýär. Kamil Weliahmedow eziz diýarymyzyň gözel künjekleri bolan Sumbar we Aýdere jülgelerini, Gerkez obasyny, Köpetdagyň eteklerini, Amyderýanyň joşgunyny, Garagumyň rahatlygyny, Köýtendagyň täsin ýerlerini diňe özüne mahsus jadyly reňkleri bilen baýlaşdyryp suratlandyrýar. Nakgaşyň “Oba” (1995), “Garaul obasy” (2013), “Güller” (2012), “Rowaýat” (2012), “Köpetdag” (2012), “Hazar” (2012) ýaly peýzažlarynda tebigatyň gaýtalanmajak gözelligi nakgaşyň ýiti duýgulary bilen sazlaşyp şahyranalyk we ekspressionizm joşguny bilen şekillendirilen. Eserlerdäki tebigatyň tiz geçip gidýän üýtgemeleri, lowurdap duran gün şöhleleriň oýny hem-de howadaky reňkleriň inçe öwüşgin gatnaşyklary tomaşaçylara ýakymly duýgularyny başdan geçirmäge mümkinçilik berýär.

Suratkeşiň döredijilik mirasyndaky portret eserleri “Annadurdy Myradaliýewiň portreti” (2017), “Juma Amandurdyýewiň portreti” (2017), “Muhammet aganyň portreti” (2017), medeni mirasymyza degişli taslamalary “Dehistan” (1998), “Galkynyş” (2007) we ahalteke bedewlerimize bagyşlanan “Garaşsyzlyk” (2003), “Asman atlary” (2009), “Ýolda” (2005) ýaly işleri ähmiýetli orun tutýar. Nakgaşyň döredijilik gözleglerine mahsus bolan joşgunlyk, reňkleriň terligini saklamak we ýakymly duýgulary oýarmak ýörelgesi eserleriň ählisinde aýdyň duýulýar.

Bagtyýar zamanamyzyň waspçysy, nakgaşlyk şygryýetiniň döredijisi Kamil Weliahmedowa geljekde hem döredijilik üstünlikleri arzuw edýäris!

.

Aýjan KADYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.

.

ŞEÝLEDE OKAŇ:

16.06.2021 Garaşsyz Türkmenistanyň nakgaşlygynda medeniýet we sungat işgärleriniň keşbi

16.04.2021 ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA DÖREDIJILIKLI BÄSLEŞIK

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok