Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2021-nji ýylyň 12-14-nji noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen Halkara matematika internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazandylar.
Halkara matematika internet olimpiadasyna Bangladeş Respublikasy, Polşa, Çehiýa, Russiýa Federasiýasy, Indoneziýa, Türkmenistan ýaly birnäçe döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň 50-sinden 300-den gowrak talyp gatnaşdy. Bäsleşige Türkmenistandan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.
Halkara matematika internet olimpiadasynda türkmen talyplary baýrakly orunlaryň 53-sine mynasyp boldy. Olaryň 13-si – birinji orna, 17-si – ikinji orna, 23-si – üçünji orna, şeýle-de, 10 sany höweslendiriji baýraklara eýe boldular.
Bäsleşigiň arzyly birinji ornuna we altyn medalyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Murat Sapaýew, Resul Şamuhammedow, Eziz Saparow, Sähragül Garlyýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Oguldöndi Gulyýewa, Muhammetnur Bagbekow,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Jepbar Asgarow, Kadyrberdi Annabaýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyplary Gurt Döwletow, Muhammet Annaýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ramazan Nurýagdyýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gözel Mämmedowa dagy mynasyp boldular.
Mundan başga-da, halkara matematika internet olimpiadasynda toparlaýyn bäsleşik geçirilip, onda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti toparlaýyn esasda 1 sany I orna, 3 sany II orna mynasyp boldy.
Mährijemal Gurbanowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Teswirler