Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramynyň 26 ýyllygy mynasybetli ýurduň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gurnamagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň köp ýokary okuw mekdeplerinden gelen professor-mugallymlar we dürli daşary ýurt dillerini bilýän talyp-ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda talyplar iňlis, arap, pars, ýapon, hytaý, hindi, german, italýan, fransuz, koreý we rus dillerinde dil öwrenmegiň ähmiýeti we peýdalary barada örän täsirli çykyş etdiler.
Dil bilýänler – bir basgançak ýokarda diýen mazmundan ugur alyp, her talyp öz gürleýän diliniň ähmiýetini öňe sürdi. Her bir talybyň üýtgeşik dilde çykyş edenine garamazdan, görkezýän foto-wideo şekilleri arkaly düşünmek onçakly kyn düşmedi.
Daşary ýurt dillerini bilýän biri bolmak – başga bir ýurduň kitaphanasyndan halan kitabyňy saýlap alyp mümkinçiligine eýe bolmak diýmekdir. Ýekeje kitap biziň dünýägaraýşymyzy birnäçe esse ösdürýänligini gözöňünde tutsak, daşary ýurt dilinde kitap okamagyň näderejede peýdalydygy öz-özünden düşnüklidir.
Mundan başga-da, köp dil bilýän adamlar dünýäniň dürli ylmy çeşmelerinden hem habarly bolýarlar. Bir dil bilýän adama garanyňda köp dilli adam töweregindäkiler bilen çalt sözi alyşýar we olar bilen dostlaşmakda onçakly kynçylyk çekmeýär.
Dil öwreniň we dostlaryňyzy köpeldiň. Çünki , diller – uzakdaky we ýakyndaky adamlary ysnyşdyryp, dünýä ýol açýar.
Akmyradowa Sähra
Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.
Teswirler