Bitaraplygyň 26-ýyllygy mynasybetli döredijilik olimpiadasy geçiriler

2021-nji ýylyň 20-nji noýabryndan 6-njy dekabry aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hemişelik Bitaraplygyň 26 ýyllygy mynasybetli döredijilik olimpiadasyny geçirýär.

Bu olimpiada Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplary gatnaşyp bilerler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler iňlis dilinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny wasp edýän makalalaryny hödürläp bilerler.

Awtorlaryň hödürlejek makalalary eminler tarapyndan iki dereje boýunça baha beriler. Birinji dereje žurnalistika ugrundan okaýanlardan bolsa, ikinji derejede beýleki islendik ugurlar boýunça okaýan talyplardan ybarat bolar.

Döredijilik bäsleşiginiň şertine görä, makalalar gysga (300 – 500 söz), ýöne manyly bolmaly. Işlere baha berlende, olaryň tema kybap gelmegi, edebiýat ogurlygynyň ýoklugy, talybyň iňlis dilini biliş derejesi we onuň grammatik kadalarynyň ýerine ýetirilişi ýaly ölçegler göz öňünde tutular.

Gatnaşmak üçin, guramaçy okuw jaýynyň iuhd.edu.tm resmi saýtynda bellige alynmaly, soňra makalany şu ýylyň 5-nji dekabryna çenli iuhd.org@gmail.com salgysyna ugratmaly.

Anwar Mämmedow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok