“Tatneftiň” baş direktory Türkmenistanda energetika strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk teklipleri hödürledi

27-nji oktýabrda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021” atly XXVI halkara maslahata gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Nail Maganow Türkmenistanyň Prezidentine nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek ýörelgelerine esaslanan energetika strategiýasyny amala aşyrmaga gönükdirilen birnäçe anyk tekliplerini hödürledi. Bu barada TDH habar berýär.

Kompaniýa tarapyndan beýan edilen tanyşdyryş maglumatynda anyk işleriň mysallary getirildi, olaryň geljekde ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň känlerinde nebitiň çykarylýan möçberlerini iki esse artdyrmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem tablisalarda we çyzgylarda Goturdepe käninde geologik-tehniki çäreleri geçirmegiň meýilnamalary, nebitiň çykarylyşynyň hem-de daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur bolan nebit senagatynyň hyzmat ediş enjamlar ulgamyny ösdürmek boýunça çäreler barada aýdyldy. Goturdepe käninde meýilleşdirilýän maýa goýumlaryň möçberleri, ony özleşdirmekden Türkmenistanyň jemi içerki önümine goşandyň garaşylýan görkezijileri barada maglumat berildi.

Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyryşa gatnaşan “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýewiň hasabatynda bellenilişi ýaly, hereket edýän şertnamanyň çäklerinde işlemän duran hem-de ýapylmagy göz öňünde tutulan guýularyň azyndan 300-sini abatlamak we ulanmaga bermek barada Goşmaça ylalaşygy baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berildi.

Seýsmiki gözleg işleriniň jemleri boýunça maglumatlaryň bir bitewi binýady döredildi, Goturdepe ýatagynyň üç ölçegli nusgasy düzüldi hem-de gözleg guýularynyň jemi 52-siniň düýbi tutuldy. Bulardan başga-da, “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Altyguýy ýatagynda degişli işleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Nail Maganow ýurdumyzyň bazarynyň “Tatneft” üçin esasy bazarlaryň biri bolup durýandygyny belläp, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň türkmen hyzmatdaşlary bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekillerine hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli we oňyn çemeleşýändikleri üçin minnetdarlyk bildirip, “Türkmennebit” döwlet konserni bilen “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda baglaşylan şertnamalaryň esasynda “Goturdepe” känindäki guýularyň nebit berijiligini ýokarlandyrmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda işleriň oňyn netijeleriň alynmagyna gönükdirilmelidigini nygtady.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow nebitli känlerde hyzmatlary ýerine ýetirmegi dowam etmek boýunça kompaniýanyň hem-de känleriň gidrodinamiki nusgalaryny gurmak boýunça döwlet konserni tarapyndan hödürlenilen teklipler barada aýtmak bilen, tehniki, ykdysady we täjirçilik nukdaýnazaryndan bähbitleriň göz öňünde tutulyp, olary seljermek hem-de teklipleriň Türkmenistanyň kanunçylygyna we taraplaryň bähbitlerine laýyk gelýändigini doly öwrenmek gerek diýip nygtady.

Tatarystan Respublikasynyň “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti iň iri kompaniýalaryň biri bolup, nebit önümçiligi boýunça Russiýada bäşinji orunda durýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok