“Mir” HTRÝ döwletara tele-radio şereketi “Mediaholdingiň” döredilmeginiň 29 ýyllygyny belleýär. Bu möhüm waka mynasybetli “Mir” HTRÝ döwletara tele-radio şereketi geçen ýyllaryň dowamynda gyzykly taslamalary we birnäçe özüne çekiji gepleşikleri alyp bardy. Şol gyzykly gepleşikleriň arasynda “Merkezi Aziýanyň rowaýatlary” gepleşikler topary-da bar. Şu ýyl şol gepleşikleriň biri ilkinji gezek Türkmenistana bagyşlandy.
Tele-radio şereketinde görkezilen “Seljuklar orta asyr imperiýasynyň mirasydyr” atly gepleşikde orta asyr Seljuk dinastiýasynyň gadymy Parfiýa şalygynyň arheologik şa eserleri barada gürrüň berildi. Seljuklara bagyşlanan teleýaýlym görkezilişinde Gündogaryň köp bölegini eýelemegi we gülläp ösýän, güýçli döwlet gurmagy başaran Seljuk söweşijileriniň edermenligi hakda aýdylyp geçildi.
“Mir” HTRÝ döwletara tele-radio şereketi taslamalaryň geografiýasyny yzygiderli giňeldip durýar we giň teletomaşaçylar köpçüligini gyzyklandyrmaga çalyşýar. Häzirki wagtda bu tele-radio şereketiniň gepleşikleri 14-den gowrak ýurtda görkezilýär.
Merdan ALLAGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler