Il saglygy – ýurt baýlygy

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ” Saglygyň gadryny bilgin, hassa bolmazdan burun” diýip belleýşi ýaly, Türkmenistan Watanymyzda halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda birnäçe maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. 1995-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän “Saglyk” döwlet maksatnamasyna laýyklykda ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzyň milli saglygy goraýyş ulgamynda uly özgertmeler geçirildi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesi berildi. Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.

Häzirki wagtda şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi. Hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda kabul eden “Ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny kämilleşdirmek hakyndaky” kararyna laýyklykda, raýatlaryň saglygyny goramagy döwlet tarapyndan kepillendirmek, ilatyň aýry-aýry toparlaryny mugt saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalar hem-de döwlet meýletin saglyk ätiýaçlandyrmasynyň şertnamasyny baglaşmagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşylyp tassyklanyldy.

Şeýle hem “Enäni we çagany goramak boýunça” maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi döwlet syýasatynyň derejesine çykarylan saglygy goraýyş ulgamynyň düzüm bölegi bolup ol sagdyn bedenli we sagdyn ruhly nesilleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir.Ýurduň ähli künjeklerinde ýokary derejede enjamlaşdyrlan «Ene mähri» merkezleriniň döredilmegi, enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy- kliniki merkeziň açylmagy we işjeň işlemegi, çagany ene süýdi bilen iýmitlendirmek we gan azlyk bilen göreşmek boýunça milli maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi iri halkara guramalary tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýar.

“Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda saglygy goraýyş ulgamynda örän ýokary netijeli işler amala aşyryldy. Muňa bu babatda ýaňy ýakynda durmuşa geçirilen işleri mysal getirmegiň özi hem uly subutnamadyr. Ýagny, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Tiz kömek» merkeziniň tiz kömek ulaglary Aşgabadyň elektron kartasy arkaly toparlaryň hereketini yzarlamaga mümkinçilik berýän GPS enjamlary bilen üpjün edilmegi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi «COVID-19 ýokanjyna seslenmek» taslamasyny durmuşa geçirmek maksadyndan BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen ýurduň pandemiýa taýýarlygyny güýçlendirmek boýunça ylalaşyklaryň baglaşylmagy ýaly geçirilýän birnäçe özgertmeler ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyna berilýän ünsüň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýär. Şonuň bilen birlikde Aşgabatda “Lukmançylyk diplomatiýasy – sagdyn dünýäniň binýady” atly lukman alymlaryň halkara maslahatynyň geçirilmegi, Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 13-nji tomunyň neşir edilmegi “Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna ” uly sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyz 8-nji oktýabrda Ministrler kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren iş mejlisinde aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi. Munuň özi hem bu ulgamda zähmet çekýänlere jemgyýetimizde uly sarpa goýulýandygynyň, ýurdumyzda “Il saglygy – ýurt baýlygy” ýörelgesine eýerilip, baş şygarymyz bolan “Döwlet – adam üçindir” ideologiýasy esasynda ýokary netijeli işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Gültaç Agamyradowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary inistitutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok