Türkmenistanyň Prezidenti iki günlük resmi sapar bilen Özbegistandа

4-nji oktýabrynda günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly  Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasyna ugrady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Daşkent şäheriniň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Şanly waka mynasybetli Özbegistanyň paýtagtynyň howa menzili iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezeldi.                                                                                           

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy uçaryň ýanynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Soňra türkmen we özbek Liderleriniň awtoulag kerweni howa menzilinden Garaşsyzlyk meýdançasynda ýerleşýän Garaşsyzlyk we ynsanperwerlik binasyna tarap ugrady. Döwlet berkararlygyny, özygtyýarlylygy hem-de özbek halkynyň abadan durmuşa bolan arzuw-hyýallaryny alamatlandyrýan bu ýadygärlik Daşkent şäheriniň ajaýyp künjekleriniň birini bezeýär.

Granit daşyndan bina edilen bu ýadygärlikde Özbegistanyň çäkleri görkezilen Ýer togalagy şekillendirilipdir. Binanyň ýanynda “Bagtyýar ene” diýen ýene bir ýadygärlik oturdylypdyr. Onda elinde perzendini saklaýan enäniň heýkeli goýlupdyr. Çuňňur many-mazmuna beslenen enäniň bu keşbi nesilleriň dowamatlylygyny, köpasyrlyk milli ýörelgelere hem-de ruhy gymmatlyklara aýawly çemeleşilmegini aňladýar hem-de bu ýörelgeler häzir hem özbek halkynyň agzybirligini we jebisligini üpjün edýär.

Belent ýadygärligiň etegine gül dessesini goýmak dabarasy tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Baştutany Özbegistanyň Prezidenti bilen bilelikde awtoulagda “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady.

Şu gün 5-nji oktýabrda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler, onuň dowamynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew taraplaryň mundan beýläk-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de bar bolan kuwwatlyklaryň has doly durmuşa geçirilmegi boýunça mümkinçiliklere gararlar.

.                                                                                                                 

Jeýhunow Jemşit,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok